Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ahal-teke bedewleri barada halkara maslahaty gurnaldy


Türkmen Bedewiniň baýramy mynasybetli Aşgabatda ilkinji gezek açylan halkara sergi-ýarmarkasyna gatnaşyjylar özara pikir alyşýarlar. Aşgabat, 26-njy aprel, 2013.
Türkmen Bedewiniň baýramy mynasybetli Aşgabatda ilkinji gezek açylan halkara sergi-ýarmarkasyna gatnaşyjylar özara pikir alyşýarlar. Aşgabat, 26-njy aprel, 2013.
Bedew baýramynyň bosagasynda anna güni Aşgabatda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň 3-nji maslahaty geçirildi. Onda ahal-teke bedewlerini dünýä derejesinde ösdürip ýetişdirmek we bu ugurda özara tejribe alyşmak ýaly meseleler boýunça giňişleýin maslahat edildi.

“Oguzkent” myhmanhanasynda gurnalan bu maslahata hökümet agzalary, Halkara ahalteke atçylyk assosiýasiýasynyň daşary ýurtlardaky we Türkmenistandaky agzalary, Türkmenistanyň atçylyk pudagynyň işgärleri, şeýle hem daşary ýurtly we milli habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Maslahata Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýolbaşçylyk etdi.

Maslahatda 2010-njy ýylda döredilen we ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Türkmenistanda we halkara derejesinde alyp barýan işleriniň dünýäde ahal-teke bedewlerini ösdürip ýetişdirmeklige, olary wagyz etmeklige hem-de ahal-teke bedewlerini gorap saklamaklyga we olaryň ösdürilmegi üçin täze şertleri döretmeklige uly mümkinçilikleri döredendigi bellenildi.

Aşgabatda açylan halkara sergi-ýarmarkasyndan eksponatlar. Aşgabat, 26-njy aprel, 2013.
Aşgabatda açylan halkara sergi-ýarmarkasyndan eksponatlar. Aşgabat, 26-njy aprel, 2013.
Öz çykyşynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň ýolbaşçysy, prezident G.Berdimuhamedow dünýäde ahal-teke bedewlerini wagyz etmegiň täze usullaryny gözlemek, bu bedewleriň köpeldilýän ýurtlarynda arassa ganly atlaryň hasabynyň ýöredilişine gözegçiligi üpjün etmek, halkara atçylyk-sport ýaryşlaryny guramak, halkara atçylyk guramalary bilen tejribe alyşmak we atçylyk boýunça hünärmenleriň taýýarlyk derejesini ýokarlandyrmak ýaly meseleleri barada durup geçdi.

Türkmenistanyň resmi maglumatyna görä, häzirki döwürde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň düzüminde dünýäniň 25 ýurdundan 112 agza bar. Assosiasiýanyň agzalarynyň sanynyň ýylsaýyn artýandygy-da bellenilýär.

Daşary ýurtlaryň ünsi

Aşgabatdaky bu maslahatda ahal-teke atçylygy we bu ugurdaky hyzmatdaşlyklary ösdürmek meseleleri barada käbir daşary ýurtly myhmanlar-da çykyş etdiler. Olaryň hatarynda Urugwaýyň ahal-teke atçylyk assosiasiýasynyň prezidenti Gilermo Lokharda, Çehiýa Respublikasynyň ahal-teke atçylyk asossiasiýasynyň ýolbaşçysy hanym Petra Mareşowa, halkara atçylyk sporty federasiýasynyň direktory hanym Žaklin Bressan dagylar-da boldy.

Hanym Žaklin Bressan bu maslahatda Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedowa atçylyk sport hereketini ösdürmekde “goşan uly şahsy goşandy” uçin Halkara atçylyk sporty federasiýasynyň diplomyny we ýadygärlik nyşanyny gowşurdy.

Aşgabatda açylan halkara sergi-ýarmarkasyndan eksponatlar. Aşgabat, 26-njy aprel, 2013.
Aşgabatda açylan halkara sergi-ýarmarkasyndan eksponatlar. Aşgabat, 26-njy aprel, 2013.
Soňra “Reed Exhibitions” kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory, “Eguitana” halkara atçylyk sergisiniň direktory Hans Ioahim Erbele hem prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa dünýäniň gadymy at tohumlarynyň biri bolan ahal-teke bedewlerine berýän “yzygiderli ýardamy, şeýle hem Aziýada atçylyk syýasatynyň ösmegi üçin edýän taýsyz goldawy” üçin bu guramalaryň hormat baýragynyň hem-de ýadygärlik nyşanynyň gowşurylýandygyny yglan etdi.

Maslahatda Türkmenistanyň prezidenti we Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň ýolbaşçysy G.Berdimuhamedow assosiasiýa täze kabul edilen guramalaryň wekillerine assosiasiýa agzalygy tassyklaýan güwänamalary-da gowşurdy.

Täze agzalaryň hatarynda “Pegasus Farms Ltd” (Irlandiýa), “Ahalteke Action and Competition” (Fransiýa), “Sky Group Slovakia S.R.O” (Slowakiýa Respublikasy), “Duralock Limited” (Beýik Britaniýa), “Dakor” (Gazagystan), “Italiano Allevatori Akhal-Teke Uniwerso Akhal-Teke” (Italiýa), “Akhal-Teke Association of America” (Amerikanyň Birleşen Ştatlary) we “Ýüpek ýoly” (Täjigistan) ýaly ençeme daşary ýurt guramalary we kompaniýalary bar .
XS
SM
MD
LG