Sepleriň elýeterliligi

Britaniýa: 11 adama höküm çykaryldy


Anna güni Britaniýanyň sudy “Al-Kaýda” topary bilen hyzmatdaşlykly ýagdaýda bu ýurtda terror hüjümini planlaşdyranlykda aýyplanylýan 11 adamy dürli möhletleýin türme tussaglygyna höküm etdi.

Bu musulman radikallarynyň hemmesem Britaniýanyň raýatlary. Bu ekstremistik toparyň lideri diýlip hasaplanylýan Irfan Nasire sud ömürlik türme tussaglygyny berdi.

Toparyň agzalaryndan biri Irfan Halide 18 ýyl, beýleki bir agzasy Aşik Alä 15 ýyl türme tussaglygy berildi. Galan sekiz adama has az möhletleýin tussaglyk berildi.

Britaniýanyň prokuratura resmileri azyndan sekiz sany partlamany planlaşdyranlykda aýyplanýan bu 11 adamdan 6-synyň Pakistana gidip, terrorçylyk boýunça ýörite tälim alyp gelendiklerini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG