Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bosniýada federasiýa prezidenti tussag edildi


Anna güni Bosniýanyň polisiýasy bu ýurduň Bosniýa-Gersogowina federasiýasynyň prezidenti Jiwko Budimiri korrupsiýada aýyplap, tussag etdi.

Bosniýanyň prokuraturasynyň metbugat sekretary Boris Grubesiç anna günki operasiýada prezident Jiwko Budimir bilen birlikde ýene 18 sany resminiň tussag edilendigini mälim etdi.

Boris Grubesiçiň aýtmagyna görä, bu tussag edilen resmileriň toparyna wezipeden hyýanatçylykly peýdalanmak, bikanun işlere araçyllyk etmek, para almak we para bermek, guramaçylykly jenaýatçylyk we neşe gaçakçylygy bilen meşgullanmak ýaly ençeme jenaýat işlerinde aýyplama bildirilýär.

Balkanlardaky konfliktleriň netijesinde özbaşdaklyga eýe bolan Bosniýa şu günki gün Bosniýa-Gersogowina federasiýasyndan we Serbskaýa Kraina Respublikasyndan ybarat.

Bosniýa-Gersogowina federasiýasyna şu çaka çenli Jiwko Budimir prezidentlik edip gelýärdi, Serbskaýa Kraina Respublikasyna bolsa Milan Martiç prezidentlik edýär.
XS
SM
MD
LG