Sepleriň elýeterliligi

Moskwada 140 adam tussag edildi


Anna güni Orsýetiň polisiýasy we howpsuzlyk güýçleri Moskwadaky metjitlerden birine namaza ýygnanan adamlardan 140-syny tussag etdi.

Orsýetiň Federal howpsuzlyk agentliginiň bu barada ýaýradan beýanatynda bu tussag edilenlerden 30-synyň haýsy ýurduň raýatydygynyň-da belli däldigi aýdylýar.

Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugy Moskwada tussag edilen bu raýatlardan aglabasynyň täjik raýatlarydygyny habar berýär. Bu operasiýanyň nähili maksat bilen geçirilendigi barada heniz anyk maglumat berilmeýär.

Soňky wagtlar Orsýetiň häkimiýetleri bikanun immigrantlary ele salmak we olary öz ýurtlaryna deportasiýa etmek çärelerini has güýçlendirdiler.
XS
SM
MD
LG