Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bedew baýramynda “Arkadaga” uly orun berildi


Prezident G.Berdimuhamedow Ahal-teke atçylyk kompeksindäki dabarada tomaşaçylaryň öňünde at çapyp, aýlanýar. Aşgabat, 28-nji aprel, 2013.
Prezident G.Berdimuhamedow Ahal-teke atçylyk kompeksindäki dabarada tomaşaçylaryň öňünde at çapyp, aýlanýar. Aşgabat, 28-nji aprel, 2013.
28-nji aprelde Türkmenistanda milli Bedew baýramy bellenilip geçilýär. Şenbe güni Aşgabadyň etegindäki Ahal-teke atçylyk kompleksinde bu waka bagyşlanylyp, ýörite baýramçylyk çäresi geçirildi.

Bu baýramçylyk çäresine ýerli ýaşaýjylar bilen birlikde, edara-kärhanalaryň wekilleri, hökümet resmileri we daşary ýurtly myhmanlar-da gatnaşdylar.

“Arkadag” üns merkezinde boldy

Çäräniň açylyş bölegi esasan Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedowy gutlamaklyga, oňa alkyş aýtmaklyga we ony “gahryman hem mähriban Arkadagymyz” diýen epitetleri ulanyp, mahabatlandyrmaklyga bagyşlanyldy.

Dabaranyň başynda bu çäräni alyp baryjy diktor prezident G.Berdimuhamedowa ýüzlenip, oňa Aşgabat şäheriniň zähmetkeşleriniň adyndan Tyllaguş atly atyň ýörite sowgat berilýändigini yglan etdi.

Türkmen telewideniýesinden Bedew dabarasy barada wideo sýužet:
Türkmenistan Bedew baýramyny belleýär
please wait

No media source currently available

0:00 0:02:37 0:00

Şonuň yzy bilenem, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Bagtyýar atly ata atlanyp, stadiondaky müňlerçe tomaşaçynyň şowhunly el çarpmasy astynda tomaşaçylaryň öňünde atly gezim etdi.

Birneme soňra bolsa, türkmen lideri Bagtyýar atly bu mele atdan düşüp, Ak Han atly ak ata münüp, stadionyň aýlawynda ata atlanan beýleki onlarça seýsiň öňüni çekip, uly aýlawda aýlandy.

Baýraklar gowşuryldy

Aşgabadyň etegindäki Ahal-teke açylyk kompeksinde gurnalan bu baýramçylyk çäresiniň dowamynda ahal-teke atlarynyň gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry-da geçirildi.

Emin agzalarynyň gelen karary netijesinde bu bäsleşigiň ýeňijisi diýlip Ahalteke atly at yglan edildi we onuň seýsine Türkmenistanyň prezidentiniň baş baýragy hem-de göçme kubok berildi.

Soňra bu baýramçylyk çäresinde Bedew baýramçylygyna gabatlanyp, sungatyň dürli ugurlary boýunça geçirilen konkurslaryň ýeňijileri-de yglan edildi we olara sylaglar gowşuryldy.

Bu baýramçylyk dabarasynyň yzy bilen prezident G.Berdimuhamedow Ahal-teke atçylyk kompeksinde käbir daşary ýurt delegasiýalarynyň wekilleri we daşary ýurtly biznesmenler bilen duşuşyk geçirdi.
XS
SM
MD
LG