Sepleriň elýeterliligi

Ysraýyl Gaza sektoryna hüjüm etdi


Ýekşenbe güni Ysraýylyň Goranmak ministrliginiň resmileri Palestinanyň Gaza sektoryndan Ysraýylyň günortasyna atylan raketa oklaryna jogap edip, Gaza sektorynda howa hüjüminiň geçirilendigini mälim etdiler.

Ysraýylyň resmileri bu howa hüjümlerinde Gaza sektoryndaky bir ýarag saklanýan ammaryň hem-de Hamas toparynyň harby türgenleşik binasynyň nyşana alnandygyny aýdýarlar.

Ysraýylyň resmileriniň aýtmagyna görä, bu wakanyň öňýany Gaza sektoryndan atylan raketa oklary Ysraýylyň günortasyndaky açyk bir meýdana düşüpdir.

Wakada Ysraýylyň ýaşaýjylaryna hiç hili zyýanyň ýetmändigi aýdylýar. Emma Gaza sektorynda adam ýitgisiniň bolandygy ýa bolmandygy barada welin anyk maglumat alynmady.
XS
SM
MD
LG