Sepleriň elýeterliligi

Pakistan: Dalaşgärlere hüjüm edilýär


Pakistanda parlament saýlawlarynyň golaýlamagy bilen, ekstremistik hüjümleriň sany-da kem-kem artýar.

Pakistanyň polisiýasy ýekşenbe güni ýurduň demirgazyk-günbatar regionynda saýlawlarda dalaş etjek garaşsyz kandidatlaryň ofisine hüjüm edilendigini habar berdi.

Bu wakalardan birinde Kohat şäherinde amala aşyrylan bomba partlamasynda bäş adam ölüpdir. Peşawar şäherinde amala aşyrylan başga bir partlamada bolsa, üç adamyň ölendigi habar berilýär.

Ýekşenbe günki partlamalaryň ikisiniň-de jogapkärçiligini Pakistandaky “Tehriki Taliban Pakistan” atly talyban topary öz üstüne alyp, beýanat ýaýratdy.

Bu topar Pakistanyň iki sany esasy syýasy partiýalarynyň ofislerine garşy şenbe güni edilen hüjümleriň-de jogapkärçiligini öz üstüne aldy. Şol partlamalarda dört adam ölüpdi.
XS
SM
MD
LG