Sepleriň elýeterliligi

Yrakda 10 telekanal gadagan edildi


Ýekşenbe güni Yragyň hökümet resmisi ýurtda tire-taýpa dawalaryny we zorlukly çäreleri öjükdirýändikleri üçin 10 sany satelit telewizion kanalynyň işiniň gadagan edilendigini mälim etdi.

Işleri gadagan edilen telewizion kanallaryň arasynda meşhur “Al-Jazira” telekanaly-da bar.

Yragyň Kommunikasiýa we media boýunça komitetiniň resmisi Mujahid Abu al-Haýl häzirki gadagançylygyň esasynda bu telewizion kanallara Yragyň içindäki wakalary surata düşürmekligiň-de gadagan edilendigini aýtdy.

Bu wakanyň öňýany, şu geçen hepdäniň sişenbe güni Yragyň demirgazygynda sünni protestçileri bilen howpsuzlyk güýçleriniň arasynda ýüze çykan ýaragly çaknyşyklarda 180-den gowrak adam ölüpdi.
XS
SM
MD
LG