Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanda Bedew baýramy bellenilýär


Ýekşenbe güni, 28-nji aprelde Türkmenistanda milli Bedew baýramy bellenilip geçilýär. Şenbe güni Aşgabadyň etegindäki Ahal-teke atçylyk kompleksinde bu waka bagyşlanylyp, ýörite baýramçylyk çäresi gurnaldy.

Oňa ýerli ýaşaýjylar bilen birlikde, edara-kärhanalaryň wekilleri, hökümet resmileri we daşary ýurtly myhmanlar-da gatnaşdylar.

Çäräniň açylyş bölegi esasan Türkmenistanyň prezidentini gutlamaklyga, oňa alkyş aýtmaklyga hem-de ony mahabatlandyrmaklyga bagyşlanyldy. Dabarada alyp baryjy diktor prezidente ýerli ýaşaýjylaryň adyndan bir ahal-teke atynyň sowgat gowşurylýandygyny-da yglan etdi.

Aşgabatda gurnalan bu baýramçylyk çäresiniň dowamynda ahal-teke atlarynyň gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry-da geçirildi.

Emin agzalarynyň gelen karary netijesinde bäsleşigiň ýeňijisi diýlip Ahalteke atly at yglan edildi we onuň seýsine Türkmenistanyň prezidentiniň baş baýragy hem-de göçme kubogy gowşuryldy.

Şeýle-de, bu baýramçylyk çäresinde Bedew baýramyna bagyşlanyp sungatyň dürli ugurlary boýunça geçirilen konkurslaryň ýeňijileri-de yglan edildi we olara sylaglar gowşuryldy.
XS
SM
MD
LG