Sepleriň elýeterliligi

Pakistan: Saýlawlaryň öňýany hüjümler artýar


Pakistanyň "Muttahida Kaumi Hereketi" atly syýasy partiýasynyň Karaçidäki saýlaw-agitasiýa ofisiniň golaýynda amala aşyrylan partlamanyň yzýany. Karaçi, 26-njy aprel, 2013.

Pakistanyň "Muttahida Kaumi Hereketi" atly syýasy partiýasynyň Karaçidäki saýlaw-agitasiýa ofisiniň golaýynda amala aşyrylan partlamanyň yzýany. Karaçi, 26-njy aprel, 2013.

Pakistanda parlament saýlawlarynyň golaýlamagy bilen, ekstremistik hüjümleriň sany-da kem-kem artýar.

Pakistanyň polisiýasy ýekşenbe güni ýurduň demirgazyk-günbatar regionynda parlament saýlawlarynda dalaş etjek garaşsyz kandidatlaryň ofisine hüjüm edilip, iki sany bomba partlamasynyň amala aşyrylandygyny habar berdi.

Polisiýanyň maglumatyna görä, bu wakalarda azyndan 8 adam ölüp, 35 töweregi adam ýaralanypdyr. Hususan-da, bu wakalardan birinde Kohat şäherinde amala aşyrylan bomba partlamasynda bäş adam ölüp, 22 adam ýaralanypdyr. Peşawar şäherinde amala aşyrylan başga bir partlamada bolsa, üç adamyň ölüp, azyndan 13 adamyň ýaralanandygy habar berilýär.

Maglumata görä, Peşawar şäherindäki partlamada partlaýyjy enjam berkidilgi welosiped saýlawlara kandidatlaryň biriniň ofisiniň derwezesiniň öňünde goýlup gidilipdir.

Talybanlar öz üstüne aldy

Ýekşenbe günki partlamalaryň ikisiniň-de jogapkärçiligini Pakistandaky “Tehriki Taliban Pakistan” atly talyban topary öz üstüne alyp, beýanat ýaýratdy.

Bu topar Pakistanyň iki sany esasy syýasy partiýalarynyň ofislerine garşy şenbe güni edilen hüjümleriň-de jogapkärçiligini öz üstüne aldy. Şol partlamalarda dört adam ölüpdi.

Pakistandaky parlament saýlawlary 11-nji maýa planlaşdyrylýar. Bu saýlawlara Pakistanyň taryhynda ilkinji gezek bir raýat hökümetiniň beýleki raýat hökümetine parahatçylykly ýol bilen öz ygtyýarlyklaryny tabşyrmak prosesi hökmünde garalýar.

Pakistanyň “Awami” milli partiýasynyň liderlerinden Miýa Iftikhar Hussaýin Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda bu soňky hüjümlere häzirki wagtlaýyn hökümetiň howpsuzlygy üpjün etmekligiň hötdesinden gelip bilmeýändigini görkezýän bir ýagdaý hökmünde baha berdi.

Ýöne, beýleki tarapdan, ol howpsuzlyk çäreleriniň ýaramazdygy sebäpli 11-nji maýda geçiriljek parlament saýlawlaryny boýkotirlemek baradaky ideýany öz partiýasynyň goldamaýandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG