Sepleriň elýeterliligi

Horaz urşy gyzykly, emma…


Türkmenabat şäheriniň horaz uruşdyrylýan ýerinde nobatdaky horaz urşy. Türkmenabat, mart, 2013.

Türkmenabat şäheriniň horaz uruşdyrylýan ýerinde nobatdaky horaz urşy. Türkmenabat, mart, 2013.

Türkmenabat şäherinde her hepdäniň bazar günleri geçirilýän horaz urşuna gelýänleriň sany az bolmaýar. Her gezekki horaz urşuny görmäge takmynan müňe golaý adam üýşýär.

Horaz uruşlary Türkmenabat şäheriniň “Ýagodka” diýlip tanalýan mikroraýonynda, şäher aeroportunyň golaýyndaky hususy hojalykda geçirilýär.

Günortan sagat 12-den soň başlanyp, agşam sagat 18-e çenli dowam edýän horaz uruşlary bilen gyzyklanýanlar üçin bu tomaşanyň giriş töleginiň bahasy bir manat. Horaz uruşdyrmaga we horaz urşuna tomaşa etmäge Mary we Daşoguz welaýatlaryndanam gelýärler.

“Ýöne bu tomaşa diňe horaz urşy bilen çäklense, onda oňa beýle kän adam üýşmezdi” diýip, bu ýere öz horazyny uruşdyrmaga gelen Berdimyrat aýdýar.

Berdimyradyň sözlerine görä, bu ýere gelen tomaşaçylaryň aglabasy humar oýnaýar. Ýagny, horazyň ýeňşini çaklap, humarçylar özara bije puluny goýýarlar. Berdimyradyň aýdýanlaryny ol ýerde eşidilýän “pylan horaza ýüze (100 manada ) elli barmy, ellä ýigrimi bäş barmy, deňe-deň barmy?” diýip, gygyrylmagy-da tassyklaýar.

On bäş ýyldan gowrak wagt bäri horaz ýetişdirip gelýän Şöhradyň aýtmagyna görä bolsa, bijä goýulýan puluň möçberi baýramçylyk günleri, dollar bilen aýdanyňda, 4-5 müň dollara çenli ýetýär. Şöhrat ýaly horaz ýetişdirýänlere bolsa tomaşaçylar öz aralarynda, kärini ýaňzydyp, “horazçy” diýýärler.

Ýetişdirmek aýratynlygy

Horazçylaryň aýtmagyna görä, horaz ýetişdirmek aňsat däl. Horazçylaryň ýetişdirýän horazlary, umuman aýdylanda, “uruşgan horazlar”. Ýöne uruşgan horazlaryň arasynda-da has uruşganlygy bilen tapawutlanýan horazlaryň tohumy bar.

Horazlaryň arasynda has uruşganlygy bilen tapawutlanýan dürli tohumlary bar. Türkmenabat, mart, 2013.

Horazlaryň arasynda has uruşganlygy bilen tapawutlanýan dürli tohumlary bar. Türkmenabat, mart, 2013.

Olaryň arasynda “Tarzan”, “Gazan”, “Altyn” (“zolotoý”), “Şagal” ýaly tohumlar bir ýylda dört kilogram agrama çenli ýetip, iriligi bilen saýlanýarlar. Bu tohumly horazlary ýetişdirmek bolsa horazçylaryň arasynda aýratyn bir buýsanç. Şol sebäpden, bu tohumlaryň jüýjelerini ýa horazdyr-mäkiýanlaryny edinmek üçin horazçylar hiç hili pul gaýgyrmaýandyklaryny aýdýarlar.

Olaryň bahasynyň arzan bolmaýşy ýaly, olary bakyp-bejermegem arzan düşmeýär. Mary welaýatyndan Lebaba gelip, tohumlyk horaz satyn alan täze horazçy Sähet horazyna gaýnadylan ýumurtga, günebakar çigidini, üwelen mekgejöwen we daşary ýurtlarda öndürilýän gymmat bahaly paketli guş iýmini berip, bakýandygyny özara gürrüňçilikde aýtdy. Eger şeýle bakylmasa, horaz urşa çydap bilmeýär we ýeňilýär.

Horaz urşunyň “kikboks” tarapy

Horazlaryň urşuny bu uruşlardan azda-kände başy çykýanlar professional kikboksçylaryň söweşi bilen deňeýärler. Beýle deňeşdirmeler horaz urşunyň käbir aýratynlyklary bilen bagly. Uruşda horazlar biri-birini çokalap, dyrnaklary bilen garşydaşynyň endamyndaky ýelekleri goparýarlar.

Eger garşydaşy arasyny üzmän çokalap dursa, beýleki horazyň, seňseläp, doňup galýan wagtam bolýar. Bu ýagdaýa tomaşaçylar “nokdaun” diýýärler. Şonuň üçin, “doňan” horaz özüne geler ýaly, söweş meýdanyndaky “sekundantlar” agzyny suwdan dolduryp, horazlaryň üstüne ýygy-ýygydan suw pürkýärler.

Professional boksda ýa-da kikboksçylaryň ýaryşyndaky ýaly, horaz uruşlarynyňam öz tertibi bar. Bäş minut dowam edýän söweşden soňra horazlara bir-bir ýarym minut dynç almaga mümkinçilik berýärler.

Dynç berilmese, ýadawlykdan aýaklary titräp, horazlar urşuny bes etmek bilen bolýarlar. Passiw urşy bolsa tomaşaçylaram halamaýar we horazlara dynç bermegi, ýa bolmasa orta başga horazlary çykarmagy talap edip, goh turuzmak horaz uruşlarynda adaty bir ýagdaý. Humara goýlan pullar bolsa deňe-deň paýlanýar.

Gynançly taraplary

Horaz urşy tomaşaçylar üçin hezillik bolsa-da, horazlar bu uruşlarda gaty kösenýärler. Urşuň tertibine görä, bir horaz garşydaşyndan gaçmaly, ýa bolmasa ýeňlip, ýere ýykylmaly. Orta çykarylan horazlar tä ýykylýançalar, gara-ganyny saçyp, söweşmeli.

Horaz urşunda bijä goýulýan puluň möçberi käte 4-5 müň dollara çenli ýetýär.

Horaz urşunda bijä goýulýan puluň möçberi käte 4-5 müň dollara çenli ýetýär.

Tohumlyk horazlar uruşdan gaçmaýarlar, olaryň söweş meýdanynda ölýän wagtlary hem bolýar. Uruşdan soň horazlaryň ýadawlykdan ýa-da ýaralanyp, köp gan ýitirenligi üçin kellesini göterip bilmän, ýere goýuşlaryny-da görse bolýar...

Beýle uruşlardan soňra, horazçylaryň aýtmagyna görä, horazlara indiki söweşe iň azyndan iki hepde dynç berip, şondan soň olary çykarmaly, oňa çenli bolsa, horazyň ýaralary bitişmeli, ol ýene-de güýç toplamaly.

Horaz urşuna, daşyndan gyzygyp, ilkinji gezek barýanlaryň arasynda horazlaryň halyna ýüregi awap, gaýdyp bu tomaşa gelmeýänler hem bar. Daşyndan gyzykly bolup görünýän horaz uruşlary käbir adamlarda, haýwana edilýän sütem hökmünde, gahar-gazap hem döredýär.

“Nähilem bolsa, esasy agram eýesine däl-de, horaza düşýär we haýwanlary goraýan guramalar döredilýänçä, horazçylar bu işini dowam etdirerler” diýip, horaz urşuny ýigrenýänlerden biri biziň bilen söhbetdeşlikde gürrüň berdi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG