Sepleriň elýeterliligi

N.Salyr: "Arzuwym Türkmeniň birleşmegi"


Nazar Salyr

Nazar Salyr

Owganystanda uzaga çeken uruşlar halka uly zyýan ýetirdi. Durmuşyň kynçylyklaryndan sapak alan bir Türkmen ýaş biznesmeni höküminde "Owganystanda uzaga çeken urşuň jemgyýete saglyk taýdan ýetirýän täsirlerini görenimden soň, öz Türkmenlerime derman taýdan elimden gelen kömegi bermek maksady bilen dermançy boldum“ diýip nygtan dermançy Nazar Salyr, häzirki döwürde Mazary Şerif we Balh şäherlerinde alyp barýan işleri hakda Azatlyk Radiosyna şeýle maglumatlar berdi.

Azatlyk Radiosy: Näçe ýaşyňda dermançylyk biznesi bilen meşgullanmaga başladyň?

Nazar Salyr: Mundan sekiz-dokuz ýyl owal dermançylyk biznesi bilen meşgullanmaga başladym. Häzir bolsa men 23 ýaşymda.

Azatlyk Radiosy: Maşgalaňyzda bu iş bilen meşgullanýan barmy ýa ýeke özüň dermançylyk bilen meşgullanmaga başladyňmy?

Nazar Salyr

Nazar Salyr

Nazar Salyr: Maşgalamda hiç kim şeýle iş bilen meşgullananok. Meniň ýeke özüm şu dermançylyk işine baş goýdum. Dermançylyk işini gaty gowy görýändigim üçin saýlap aldym.

Azatlyk Radiosy: Dermançylyk barada okadyňmy? Dermançylyk bilen nähili işläp başladyň?

Nazar Salyr: Dermançylyk barada bir dermanhanada işledim we bu hünäri iş ýüzünde öwrendim. Häzir bolsa özüm Balhda ykdysat bölüminde okaýaryn.

Azatlyk Radiosy: Owganystan we Pakistandaky Türkmenleriň aglabasy diýen ýaly biznesde haly işi bilen meşgullanýarlar. Nazar Salyr näme üçin ylaýta-da dermançylygy saýlap aldy we munda näme rol esasy rol oýnady?

Nazar Salyr: Bilnişi ýaly Owganystanda köp uruşlar boldy. Şol sebäpden köp keselçilik we maýypçylyk boldy. Halkyň arasynda saglyk ýagdaýy gowy bolmaýanlar köpeldi. Şeýle sebäpden Türkmen halkyma saglyk we dermançylyk taýdan kömek etmeklik maksady bilen dermançylyk kärini saýlap aldym.

Azatlyk Radiosy: Geljekde biznesde nähili planlaryň bar, nämeler etsem diýýärsiň? Dermançylyk ugurlarynda işlejekmi ýa başga ugurlarda hem biznes bilen iş salyşjakmy?

Nazar Salyr: Geljekde ilkinji nobatda dermançylyk işimi kämilleşdirjek we amatly bolan başga biznes ugurlarynda hem işlemäge synanyşjak.

Nazar Salyr

Nazar Salyr

Azatlyk Radiosy: Balhly bir Türkmen ýaş dermançy biznesmen höküminde dürli ýurtlarda ýaşaýan Türkmenleri bilen aragatnaşygyň barmy?

Nazar Salyr: Owganystandaky ýaşlar bolup öz aramyzdaky ýaly Pakistan, Eýran, Türkiýe, Arap ýurtlaryndaky Türkmen ýaşlar bilen gowy aragatnaşyk saklaýarys. Olar bilen görüşip, duşuşyp durus.

Azatlyk Radiosy: Başga ýurtlardaky Türkmenler bilen söhbetdeşlikleriňiziň esasy temasy iň köp näme hakda bolýar?

Nazar Salyr: Has köp Türkmenleriň birleşmegi we agzybirlik hakda gürrüňler bolýar. Türkmenleriň birleşmegi üçin gatnaşyklar ösdürilsin.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanly Türkmenler bilen hem gatnaşyklaryňyz barmy?

Nazar Salyr: Türkmenistandan gürleşýänlerimiz köp däl, ýöne şonda-da ýeterlik dostlar bar.

Nazar Salyr

Nazar Salyr

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanlylar bilen gürleşýän mahalyňyz dilde kynçylyk çekýäňizmi?

Nazar Salyr: Ýok, dil babatda hiç hili kynçylyk bolmaýar.

Azatlyk Radiosy: Balhda ýaşaýan ýaş dermançy biznesmen hökmünde Dünýä Türkmenlerine nähili ýüzlenmek islärsiň?

Nazar Salyr: Dünýä Türkmenlerinden ýeke-täk islegim, olaryň hemmesi birleşsin. Mälim bolşy ýaly Türkmenler köp ýere ýaýrap, dargan. Şol sebäpden indi olar birleşmeli. Ýaşlar hökmany suratda okasynlar. Türkmençiligi ýitirmesinler. Türkmeniň bähbidini öňde tutup, bu ugurda alada etsinler. Hemişe bilimli bolsunlar.

Azatlyk Radiosy: Owganystanyň Balh şäherinde köp Türkmen ýaşaýarmy?

Nazar Salyr: Owganystanda Türkmenleriň iň köpçülik bolup ýaşaýan ýeri Balh welaýatydyr.
XS
SM
MD
LG