Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin Abe bilen gepleşik geçirdi


Duşenbe güni Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Moskwada Ýaponiýanyň premýer-ministri Şinzo Abe bilen gepleşik geçirdi.

Munuň özi Ýaponiýa bilen Orsýetiň döwlet liderleriniň soňky onýyllygyň dowamynda geçiren ilkinji duşuşygy hökmünde alamatlandy.

Bu gepleşiklerde özara hyzmatdaşlyklara degişli käbir meseleler bilen birlikde Ýuwaş okeandaky käbir dawaly territorial meseleleriň-de ara alnyp maslahatlaşylandygy habar berilýär.

Maglumata görä, gepleşiklerde Orsýetiň Uzak Gündogar regionyndaky energiýa we infrastruktura proýektlerine Ýaponiýanyň gatnaşmak meseleleri barada-da pikir alşylypdyr.

Ýaponiýanyň premýer-ministri bilen birlikde Moskwa ýaponiýaly 120 sany täsirli biznes wekilini öz içine alýan delegasiýa hem bardy.
XS
SM
MD
LG