Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Atambaýew serhet meselesini gozgady


Duşenbe güni Gyrgyzystanyň prezidenti Almazbek Atambaýew şenbe güni gyrgyz-täjik serhet ýakasynda ýüz beren çaknyşyklary mysal getirip, serhetýaka hyzmatdaşlyklarynyň möhümligini nygtady.

Bu barada prezident Atambaýew Bişkekde Şanhaý Hyzmatdaşlygy Guramasyna agza ýurtlaryň howpsuzlyk geňeşiniň sekretarlarynyň maslahatynda eden çykyşynda durup geçdi.

Şenbe güni Gyrgyzystanyň territoriýasyndaky Täjigistana degişli Woruh eksklawynda ýerli täjik ýaşaýjylary bilen gyrgyz işçileriniň arasynda çaknyşyklar ýüze çykdy. Bu dawanyň täjik eksklawynyň töwereginde gurulýan ýoluň gurluşygy bilen baglanyşykly ýüze çykandygy habar berilýär.

Özara çaknyşykda 12 sany gyrgyz raýaty ýaralanypdyr, olardan dördüsi keselhana duşendigi aýdylýar. Ýerli häkimiýetler bu waka boýunça jenaýat-derňew işiniň ýola goýlandygyny mälim etdiler.
XS
SM
MD
LG