Sepleriň elýeterliligi

Peşawar: Partlamada 8 adam öldi


Duşenbe güni Pakistanyň Peşawar şäherinde janyndan geçen hüjümçiniň amala aşyran partlamasynda 8 adam ölüp, 45 töweregi adam ýaralandy.

Pakistanyň resmileri ýol gyrasynda amala aşyrylan bu partlamada şäher resmileriniň ulag kerweniniň nyşana alnan bolmagynyň mümkindigini aýdýarlar. Polisiýanyň aýtmagyna görä, resmileriň ulag kerweni partlamanyň edil öňýany şol ýeri kesip geçipdir.

Owganystanyň Peşawardaky konsullygynyň resmileri bu partlamada iki sany owgan diplomatynyň-da ölendigini mälim etdiler. Olardan biriniň Owganystanyň Ýokary parahatçylyk Geňeşiniň agzasy, belli owgan ruhanysy Emin Wakadyň ogly Hilal Ahmad Wakaddygy aýdylýar.

Maglumata görä, Hilal Ahmad Wakad soňky wagtlar ýaragly söweşijilere garşy çäreler boýunça alymlaryň konferensiýasyny gurnamak bilen meşgullanýan eken.
XS
SM
MD
LG