Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Tamerlan we Johar Sarnaýewler kim?


Sarnaýewleriň maşgala suraty Tamerlan we Johar öz aýal doganlary bilen, Gyrgyzystan.

Sarnaýewleriň maşgala suraty Tamerlan we Johar öz aýal doganlary bilen, Gyrgyzystan.

Etnik çeçenler Tamerlan we Johar Sarnaýewler Boston marafonynda bolan partlamany amala aşyrmakda güman edilýärler. 15-nji aprelde bolan bu partlamada 15 adam öldi we 170 adam ýaralandy. Habar berlişine görä, Tamerlan Sarnaýew, polisiýa ony ele salmaga synanyşanda, atylyp öldürilipdi. Onuň inisi Johar ýaralanyp, keselhanada saklanýar. Polisiýa ony sorag etmäge synanyşýar.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Demirgazyk Kawkaz bölüminiň müdiri Aslan Doukaýew ABŞ-nyň Boston şäherinde bolan partlamany amala aşyrmakda güman edilýän Sarnaýewleriň gelip çykyşy, olaryň maşgalasy barada gürrüň berdi.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy: Sarnaýewleriň ABŞ-a barmagyndan ozalky durmuşy barada nähili maglumat bar? Olaryň etnik çeçenlerdigi, emma öz ýurdunda önüp-ösmändigi aýdylýar, şeýlemi?

Aslan Doukaýew: Mälim bolşuna görä, bu iki ýigit ýaş wagtynda maşgalasy bilen Dagystana göçüpdir. Olar Dagystanda birnäçe ýylyň dowamynd okapdyr we soň ABŞ-a göçüp, şol ýerde bilim almagyny dowam etdiripdirler. Biz muny takyk bilýäris.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy: Ýüzlerçe müň çeçenler Iosif Stalin döwründe Merkezi Aziýa we Sowet Soýuzynyň beýleki ýerlerine zor bilen göçürilipdi. Çeçenleriň Gyrgyzystana we Gazagystana göçürilişiniň taryhy barada bize gysgaça maglumat berseňiz.

Aslan Doukaýew: Hawa, munuň öz taryhy bar. Bu Ikinji jahan urşunyň aýagynda, 1944-nji ýylda sowet hökümetiniň çykaran karary bilen amala aşyrylypdy. Şonda çeçenler we inguşlar Merkezi Aziýa we Sibire göçürilipdi. Şol döwürde köp adam Gyrgyzystana sürlüpdi. Çeçenleriň Gyrgyzystana we Gazagystana sürgünligi 13 ýyllap dowam edipdi. Sowet Soýuzynyň täze ýolbaşçysy Nikita Hruşýew bu sürgünligi ýatyrmak barada karar çykaransoň, çeçenler we inguşlar öz mekanyna gaýdyp barypdy.

Emma Gyrgyzystanda we Gazagystanda galmak islän maşgalalar hem az däldi. Munuň ençeme sebäpleri bardy, ilkinji nobatda-da ykdysady sebäpler adamlary sürgünlikde bolan ýerlerinde galmaga mejbur edipdi. Şeýle-de, adamlaryň Çeçenistanda we Inguşystanda garaşýan garyndaşlary we ýakyn hossarlary ýokdy. Bu Çeçenistanyň taryhynda pajygaly bir sahypa bolupdy. Şol wakalar şu günki güne çenli köp çeçenleriň aň-düşünjesine we dünýägaraýşyna öz täsirini ýetirip gelýär.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy: Siz söhbetdeşligiň başynda Sarnaýewleriň Birleşen Ştatlara göçüp barmagyndan ozal birnäçe wagtlap Dagystanda ýaşandygyny aýtdyňyz. Şol bir wagtda-da olar etnik çeçenler. Soňky wagtda Dagystan Demirgazyk Kawkazda zorlukly wakalaryň iň köp ýüze çykýan ýerine öwrüldi. Bu respublikada soňky 15-20 ýylyň dowamynda bolup geçýän ýagdaýlar barada gürrüň berseňiz?

Aslan Doukaýew: Häzirki ýagdaýlaryň ählisi 1994-nji ýylda, Dagystan bilen goňşy Çeçenistanda birinji urşuň başlanan wagtynda emele gelipdi. Soňky 19 ýylyň dowamynda Çeçenistan iki sany gandöküşikli konflikti başdan geçirdi. Ýurt uruş zerarly derbi-dagyn boldy, köp adam heläkçilige uçrady. Emma bu konfliktler diňe bir Çeçenistan bilen çäklenmedi. Ol goňşy regionlara, Inguşystana, Kabardino-Balkariýa we Dagystana ýaýrap başlady.

Dagystan Orsýetiň Demirgazyk Kawkazdaky iň uly respublikasydyr. Onuň ululygyny Şotlandiýa deňäp bolar. Köpmilletli bu region şu günki gün Orsýetiň günorta böleginde durnuksyzlygyň ojagyna öwrüldi. Çeçenistan belli bri derejede durnuklylyk we parahatçylyk ornaşdygyça, Dagystanda bulam-bujarlyklar güýçlenýär. Her gün Dagystandan çaknyşyklar, hüjümler, bomba partlamalary we adam ogurlygy barada habarlar gowuşýar. Şeýlelikde Dagystan Demirgazyk Kawkazda dartgynlylygyň ojagyna öwrüldi.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy: Şeýle ýagdaýda jemgyýetdäki pikrileriň radikallaşýandygy barada aýdyp bolarmy?

Aslan Doukaýew: Şu günki gün Dagystanyň Orsýetiň iň radikal respublikasyna öwrülendigini aýdyp boljak. Salafitler we wahabitler Dagystanda öz duşuşyklaryny açyk gurnaýarlar. Olar ýerli ilat tarapyndan hem belli bir derejede goldanylýar. Munuň birnäçe sebäpleri bar. Bu ýerde korrupsiýa, ykdysady kynçylyklar, polisiýanyň eden-etdilikleri barada aýdyp bolar. Şu günki gün Dagystany Orsýet Federasiýasynyň tutuş giňişliginde iň durnuksyz, iň zorlukly we iň radikal region, diýip atlandyrmak mümkin.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy: Tamerlan we Johar Sarnaýewler soňky ýyllarda Birleşen Ştatlarda ýaşan hem bolsalar, olaryň maşgalalarynyň Demirgazyk Kawkaz bilen berk gatnaşyk saklandygy mälim. ABŞ-da Demirgazyk Kawkaz diasporasy barada nähili maglumat bar. Olaryň arasynda etnik çeçenleriň sany köpmi?

Aslan Doukaýew: Biz diaspora barada köp zat bilmeýäris. Ol onçakly bir uly däl. Birleşen Ştatlara emigrasiýanyň birnäçe akymlary bolupdy. Birinji akym Ikinji jahan urşundan soň emele gelipdi. Bu diaspora esasan Nýu Jerside ýaşaýar.

Men ABŞ-nyň dürli böleklerinde uly bolmadyk toparlaryň bardygyny eşitdim. Diasporalar Portlandda, Oregonda we Bostonda bar. Emma, umuman aýdylanda, Birleşen Ştatlarda çeçenleriň diasporasy uly däl we ol guramaçylykly hereket etmeýär. ABŞ-nyň dürli ştatlarynda aýry-aýry toparlaryň bardygyny aýtmak mümkin. Men Sarnaýewler şol bileleşikleriň, diasporalaryň düzümine girendir öýdemok. Meniň pikirimçe, olar Massaçusets ştatynda, esasan, özbaşyna ýaşapdylar.
XS
SM
MD
LG