Sepleriň elýeterliligi

Pakistan: Peşawarda sekiz adam öldi


Pakistanyň polisiýasy ýurduň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän Peşawar şäherinde janyndan geçen bir hüjümçiniň bomba partladyp, sekiz adamy öldürendigini habar berýär. Ölenleriň biri bir täsirli owgan ruhanysynyň diplomat ogly.

Polisiýa bir awtobus duralgasynyň golaýynda duşenbe güni bolan bu hüjümde azyndan 45 adamyň ýaralanandygyny mälim etdi.

Peşawar şäheriniň polisiýasynyň başlygy Liakat Ali Hanyň aýtmagyna görä, motosikletli hüjümçi bombany polisiýa patruly gapdalyndan geçip barýarka ýarypdyr.

Bu partlamada ýaralanan Masaud Azatlyk Radiosyna wakany şeýle suratlandyrdy: "Partlamanyň sesini awtobusdakam eşitdim. Bir ýagty şöhle göründi. Men ýaralandym. Köp adamlaryň ölenini we ýaralananyny gördüm".

Hüjümde nyşana alnan bir şäher resmisiniň ulag kerwenidir diýlip çak edilýär. Ol kişi bu ýerden partlamadan az salym öň geçip gidipdir.

Owganystanyň Peşawardaky konsuly Saýed Mohammad Ybrahym Hell Azatlyk Radiosynyň owgan gullugyna partlamada Owganystanyň söwda palatasynyň Peşawardaky bir wekiliniň ölendigini aýtdy. Şeýle hem Owganystanyň bosgunlar baradaky attaşe edarasynyň bir işgäri ölüpdir.

"Şu gün ir bilen Peşawaryň Arbab köçesinde bir hadysa ýüz berip, Hilal Ahmad Wakad bilen Edris atly ýerli işgär şehit boldy" diýip, Hell aýtdy.

Hilal Ahmad Wakad owganystanly ruhany Amin Wakadyň ogly. Amin Wakad hem "Talyban" güýçlerini ýaraşyk gepleşiklerine çekmäge synanyşýan Ýokary ýaraşyk geňeşiniň agzasy.

Konsullygyň aýtmagyna görä, Hilal Ahmad Wakad owganystanly we pakistanly dini alymlaryň ýaragly söweşe garşy bir konferensiýasyny ýola goýmak ugrunda iş alyp barypdyr.

Pakistanda 11-nji maýda geçmeli parlament saýlawlarynyň golaýlamagy bilen hüjümler we bomba partlamalary artýar.

Zorlukly hereketleriň köpüsiniň jogapkärçiligini hem pakistanly ”Talyban” güýçleri öz üstüne aldy. Syýasy partiýalaryň käbiri abanýan howpdan gorkup, daşarda ýygnanyşyk geçirmekden saklanýarlar.
XS
SM
MD
LG