Sepleriň elýeterliligi

Yragyň üç şäherinde partlama boldy


Duşenbe güni Yragyň azyndan üç şäherinde yzly-yzyna bomba partlamalary amala aşyryldy. Bu partlamalaryň hemmesem maşyna ýerleşdirilen partlaýyjy maddalar arkaly gurnaldy.

Yragyň polisiýasy Amara şäherinde gurnalan partlamada azyndan 9 adamyň ölüp, 20 töweregi adamyň ýaralanandygyny, Diýwaniýah şäherinde gurnalan ýene bir partlamada azyndan 7 adamyň ölüp, 15 töweregi adamyň ýaralanandygyny, Kerbala şäherinde gurnalan partlamada bolsa azyndan 2 adamyň ölüp, 12 töweregi adamyň ýaralanandygyny aýdýar.

Partlamalaryň jogapkärçiligini häzirlikçe hiç bir topar öz üstüne almady. Bu wakadan bir gün öň Yragyň Kommunikasiýa we media boýunça komitetiniň resmisi Mujahid Abu al-Haýl ýurtda tire-taýpa dawalaryny we zorlukly çäreleri öjükdirýändikleri üçin 10 sany satelit telewizion kanalynyň işiniň gadagan edilendigini mälim etdi.

Geçen hepdäniň sişenbe güni Yragyň demirgazygynda sünni protestçileri bilen howpsuzlyk güýçleriniň arasynda ýüze çykan ýaragly çaknyşyklarda 180-den gowrak adam ölüpdi.
XS
SM
MD
LG