Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pragadaky partlamada 35 adam ýaralandy


Duşenbe güni Çehiýanyň paýtagty Praganyň merkezinde remont işleri alnyp barylýan bir binada güýçli partlama ýüze çykdy we 35 töweregi adamyň ýaralanmagyna sebäp boldy.

Duşenbe güni öýlän geçirilen metbugat konferensiýasynda Praganyň polisiýa edarasynyň başlygy bu partlamanyň gazyň syzyp çykmagy netijesinde ýüze çykandygyny tassyklady.

Şeýle hem, ol partlamada jemi 35 adamyň ýaralanandygyny, olardan ikisiniň ýagdaýynyň agyrdygyny aýtdy. Onuň aýtmagyna görä, ýaralananlaryň arasynda Gazagystanyň iki raýaty we Portugaliýanyň-da iki raýaty bar.

Çehiýanyň häkimiýetleri gazyň syzyp çykmagy bilen bagly täze partlamanyň ýüze çykmak howpunyň bardygyny aýdyp, bu wakanyň bolan ýerine golaýdaky birnäçe transport ýolunyň häzirlikçe baglanandygyny mälim etdiler.
XS
SM
MD
LG