Sepleriň elýeterliligi

At çapyşygynda türkmen prezidenti birinji


Ýekşenbe güni Türkmenistanda milli Bedew baýramy bellenilip geçildi. Bu baýramçylyk bilen bagly gurnalan esasy çärelerden birem ýekşenbe güni Aşgabat şäheriniň etegindäki aýlawda gurnalan at çapyşyk ýaryşy boldy.

Bu ýaryşa Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem öz Berkarar diýen aty bilen gatnaşmagy ýaryşyň aýratyn bir wakasy boldy.

Ýedi sany çapyksuwaryň arasynda Berdimuhamedow öz atynda pellehana ilkinji bolup gelip, 13 million dollarlyk baýrak fondunyň 11 million dollaryna eýe boldy.

Ýaryşyň soňunda Berdimuhamedow öz gazanan 11 million dollarlyk pul baýragynyň ýurduň atçylyk pudagyny ösdürmek maksatlary üçin bu pudaga sarp ediljekdigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG