Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet: Öňki olimpiýa resmisi zäherlenendigini aýdýar


Orsýetiň Olimpiýa komitetiniň başlygynyň öňki orunbasary Ahmet Bilalow, 16-njy sentýabr, 2011.
Orsýetiň Olimpiýa komitetiniň başlygynyň öňki orunbasary Ahmet Bilalow, 16-njy sentýabr, 2011.

Orsýetiň Olimpiýa komitetiniň başlygynyň orunbasary Ahmet Bilalow özüniň simap serişdesi bilen zäherlenendigini aýdýar. Bilalow bu beýannamany prezident Wladimir Putin ony işden boşadanyndan birki aý geçensoň ýaýratdy. Onuň işden boşadylmagyna 2014-nji ýylyň gyşky olimpiýa oýunlary üçin gurulýan desgalaryň çakdanaşa gymmat düşmegi bilen baglydygy aýdylýar.

Orsýetde 2014-nji ýylyň gyşky olimpiýa oýunlaryna görülýän taýýaryklaryň daşynda her aýda diýen ýaly dawa-jenjel ýüze çykýar.

Soňky dawa Olimpiýa komitetiniň başlygynyň öňki orunbasary Ahmet Bilalow bilen baglylykda ýüze çykdy. Ol şu ýylyň fewral aýynda Wladimir Putin tarapyndan köpçüligiň öňünde masgaralanyp, wezipesinden boşadylypdy. Bilalow Soçide garda typmak üçin lyža tramplininiň gurluşygyny uzaga çekdirmekde we bu desga çakdanaşa köp puly sarp etmekde aýyplandy.

Bilalowyň beýannamasy

27-nji aprelde Bilalow özüniň Moskwadaky ofisinde simap bilen zäherlenmegi netijesinde ejir çekýändigini aýtdy.

“Meniň bedenimden uly mukdarda simap serişdesi tapyldy” diýip, Bilalow “Interfaks” agentligine habar berdi. Bilalow bu barada habar bermek islemändigini, emma bu waka köpçülige mälim bolansoň, mejbury tassyklandygyny belledi.

42 ýaşly Bilalow geçen ýylyň güýzünde Moskwadaky ofisinde işlän döwründe özüni erbet duýup başlandygyny gürrüň berdi. Ol özüniň kim tarapyndan zäherlenendigini entek bilmeýändigini we şonuň üçin “hiç kimi aýyplamak islemeýändigini” aýtdy. Bilalow Moskwa baran badyna polisiýa ýüz tutmakçydygyny aýan etdi.

Bilalowyň bu beýannamasy Olimpiýa komitetiniň bu öňki resmisiniň keseli we onuň Germaniýa gidip özüni bejertmeginiň sebäpleri barada soňky hepdäniň dowamynda edilen çaklamalaryň soňuna nokat goýdy.

Geçen aýda prokurorlar Olimpiýa komitetiniň öňki resmisine garşy jenaýat işini gozgadylar. Bilalow gurluşyklara niýetlenen 2.6 million dollar möçberli puly bikanun sowmakda aýyplanýar. Şeýle-de Bilalow 97 müň dollary bisarpa sowmakda günäkärlenýär.

Bilalowyň zäherlenendigi barada eden beýannamasy Orsýetde ynamsyzlyk bilen garşy alyndy. ”Gazeta.ru” atly abraýly täzelikler neşiri Bilalowyň medisina barlaglarynyň netijelerine salgylanyp, onuň ganynda tapylan simabyň möçberiniň kadadan çykmaýandygyny habar berdi.

Soçi 2014

Bilalowyň işi Soçide Olimpiada görülýän taýýarlyklary ägirt uly korrupsiýanyň gurşap alandygyny görkezýän mysallaryň biridir.

Orsýetiň Döwlet barlag gullugy Olimpiada degişli gurluşyklaryň köpüsine jogapkär döwlet kompaniýalary tarapyndan ýarym milliard dollar puluň näbelli maksatlara sowlandygyny anyklady.

Olimpiýa oýunlaryna bir ýyldan azrak wagt galanda desgalaryň gurluşygynyň býujetiniň bäş esse çişirilendigi habar berilýär. 2014-nji ýylyň 7-23-nji fewral aralygynda Soçide geçiriljek bu olimpiýa oýunlarynyň taryhda iň gymmatbaha oýunlar boljakdygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG