Sepleriň elýeterliligi

Hindistan: Zorlanan gyzjagaz öldi


Hindistanda mundan iki hepde töweregi wagt ozal zorlanan dört ýaşly gyzjagaz duşenbe güni keselhanada aradan çykdy.

Nagpur şäheriniň keselhana resmisiniň berýan maglumatyna görä, gyzjagazyň ýüregi durupdyr.

Gürrüňi gidýän dört ýaşly gyzjagaz 18-nji aprelde Madhýa Pradeş ştatynyň obasynda zorlanyp, şondan bäri huşuna gelmändi.

Bu hadysa boýunça azyndan bir adamyň tussag edilendigi habar berilýär.

Geçen ýylyň dekabrynda Nýu-Delide 23 ýaşly talyp gyzyň köpçülikleýin zorlanmagyndan soňra, Hindistanda aýallara garşy edilýän gazaplylyga garşy protestler gurnalypdy.

Geçen hepde Hindistanyň paýtagtynda bäş ýaşly başga bir gyzjagazyň zorlanmagy hem köpçülikleýin protestleri döretdi.
XS
SM
MD
LG