Sepleriň elýeterliligi

Ysraýyl Gaza zolagyna hüjüm etdi


Ysraýylyň Gaza zolagyna amala aşyran howa zarbasynda bir palestinaly öldi, başga biri hem ýaralandy diýip Palestinanyň saglyk resmileri maglumat berýär.

Gazanyň Saglyk ministrliginiň metbugat wekili Aşraf al-Kudranyň berýän maglumatyna görä, bu hüjüm sişenbe güni Gaza zolagynyň günbataryndaky Şati bosgunlar lagerine garşy amala aşyrylypdyr.

Ysraýylyň hökümetiniň metbugat wekiliniň sözlerine laýyklykda, hüjüm “raketalary öndürýän ekspert jihadça” garşy gönükdirilipdir.

Ysraýylyň harbylary hüjümiň nyşanasy “ýaraglary öndürýän Hithem Ziad Ibrahim Masşalyň” bolandygyny maglumat berdiler.

Şaýatlar raketa hüjüminde Salafi yslamçylar toparynyň agzasy, 23 ýaşly Masşalyň ölendigini tassykladylar.
XS
SM
MD
LG