Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Muşarrafyň tussaglyk möhleti uzaldyldy


Pakistanda sud ýurduň ozalky baştutany Perwez Muşarrafyň tussaglykdaky möhletini ýene-de iki hepde uzaltdy. Muşarraf 2007-nji ýylyň dekabrynda öňki premýer-ministr Benazir Bhutto garşy amala aşyrylan hüjüm bilen ilteşikde tussaglyga alnypdy.

Prokuror Çaudry Zulfikaryň sişenbe güni beren maglumatyna görä, Rawalpindiniň sudy Muşarrafy 14-nji maýa çenli öý tussaglygynda saklamaga görkezme beripdir.

Muşarraf başga bir iş boýunça hem 4-nji maýa çenli öý tussaglygynda saklanýar. Ol 2007-nji ýylyň noýabrynda ýurtda adatdan daşary ýagdaýy yglan edip, ýokary derejeli sudýalary wezipesinden aýyrmakda aýyplanýar.

Muşarraf dört ýyl bosgunlykdan soňra, geçen aý Pakistana dolanyp barypdy. Ol parlament saýlawlaryna gatnaşmakçy bolupdy.
XS
SM
MD
LG