Sepleriň elýeterliligi

Karzaý ABŞ-dan pul alandygyny aýdýar


Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý ABŞ-nyň hökümetinden pul alandygyny tassyklady. Ol bu barada duşenbe güni Finlandiýada çykyş etdi.

Mundan öň “The New York Times” neşirinde çap bolan bir makalada, soňky on ýylyň dowamynda ABŞ-nyň Merkezi aňtaw gullugynyň Karzaýyň edarasyna nagt görnüşinde millionlarça dollar berendigi nygtalypdy.

Karzaý bu pullaryň “köp däl-de, azdygyny” belläp, olaryň “ýaralananlara we syrkawlara kömek bermek, şeýle-de beýleki gowy maksatlar üçin sowulandygyny” hem sözüne goşdy.
XS
SM
MD
LG