Sepleriň elýeterliligi

Belarus: Iki žurnalist tussaglyga höküm edildi


Minskiniň sudy iki sany garaşsyz belarus žurnalistini üç gün türme tussaglygyna höküm etdi.

Aleksandr Ýaraşewiç we Henadz Barbaryç geçen anna güni tussag edilipdiler. Olar 1986-njy ýylda Çernobylda bolan heläkçilige bagyşlanyp Minskide geçirilen ýöriş barada maglumat taýýarlapdylar.

Duşenbe güni Ýaraşewiç we Barbaryç polisiýanyň görkezmelerini berjaý etmezlikde günäli tapyldylar.

Iki žurnalist hem duşenbe güni giçlik azatlyga goýberildi. Sebäbi olar eýýäm üç gün tussaglykda saklanypdylar.

Barbaryç sişenbe güni Azatlyk Radiosy bilen habarlaşyp, özüniň we egindeşiniň suduň kararyna şikaýat etmekçi bolýandyklaryny mälim etdi.
XS
SM
MD
LG