Sepleriň elýeterliligi

Hytaýda 19 adam tussag edildi


Hytaýyň Şinjiang sebitinde geçen hepde ýüze çykan ganly çaknyşyklardan soňra, ýurduň polisiýasy 19 adamy tussag etdi, şeýle-de öý şertlerinde ýasalan partlaýjy serişdeleri ele saldy.

Aglaba uýgurlar ýaşaýan Kaşgar şäheriniň golaýynda bolan bu çaknyşykda 21 adam, şol sanda 15 polisiýa işgäri hem öldi.

Bu 2009-njy ýylyň iýulyndan soň sebitde ýüze çykan iň ganly wakalaryň biri boldy. 2009-njy ýylda Şinjiangyň paýtagty Urumçide bolan çaknyşyklarda 200-e golaý adam heläk bolupdy.

Şinjiang Merkezi Aziýa, Owganystan we Pakistan bilen serhetde ýerleşýän regiondyr.
XS
SM
MD
LG