Sepleriň elýeterliligi

ABŞ bilen Orsýet howpsuzlyk boýunça hyzmatdaşlygy artdyrmakçy


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama we Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin, Mehiko, 18-nji iýun, 2012.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama we Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin, Mehiko, 18-nji iýun, 2012.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama we Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin öz ýurtlarynyň howpsuzlyk ugrunda bile işleşmekçidigini aýtdylar. Olaryň bu beýannamasy 15-nji aprelde Boston marafonynda bolan bomba partlamasy bilen baglylykda edildi.

Duşenbe güni bu iki ýurduň liderleri telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler.

Hyzmatdaşlygy güýclendirmek

Ak Tamyň aýtmagyna görä, Obama Bostondaky bomba partlamasyndan soň Orsýetiň ABŞ bilen eden ýakyn hyzmatdaşlygy üçin minnetdarlyk bildiripdi.

Bomba partlamasyna günäkär diýlip güman edilýänler Orsýetiň, esasan, musulman ilatly durnuksyz Demirgazyk Kawkaz regiony bilen gatnaşykda bolan adamlardy. Güman edilýänleriň biri - Tamerlan polisiýa bilen atyşykda öldürildi, onuň inisi Johar Sarnaýew bolsa diri ele salyndy.

ABŞ-nyň resmileriniň aýtmagyna görä, 2011-nji ýylda Federal Derňew agentligi we Merkezi razwedka gullugy Tamerlan Sarnaýewiň radikal yslamçy bolmagynyň ähtimaldygy barada Orsýet tarapyndan habarly edilipdir. Orsýet onuň derňew astyna alynmagyny sorapdyr.

Putin we Obama özara telefon söhbetdeşliginde iki ýurduň 2014-nji ýylda Orsýetiň Soçi şäherinde geçiriljek gyşky olimpiýa oýunlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek barada hem ylalaşandyklaryny aýtdylar.

Geçen hepdede Wladimir Putin milli telewideniýede eden çykyşynda Boston marafonynda bolan bomba partlamasynyň Orsýetiň Demirgazyk Kawkazda alyp barýan berk syýasatyna delil berýändigini belledi we Orsýet bilen ABŞ-nyň howpsuzlyk boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmelidigini aýtdy.

Siriýa meselesi

Barak Obama Putin bilen telefon gepleşiginde Siriýada himiki ýaragyň ulanylmagy bilen bagly meseläniň ABŞ-ny aladalandyrýandygyny mälim etdi.

Iki döwletiň liderleri bu mesele boýunça hem gatnaşykda bolmak barada ylalaşdylar we ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerriniň Orsýetiň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen Siriýa barada diskussiýalary dowam etdirjekdigini aýtdylar.

ABŞ Siriýanyň hökümetiniň himiki ýaragy ulanýandygy baradaky maglumatlary barlaýar.

Ak Tamyň metbugat wekili Jaý Karneý ABŞ-nyň bu maglumaty jikme-jik barlaýandygyny we bu ugurdan entek köp işiň edilmelidigini aýtdy.

Barak Obama himiki ýaragyň ulanylanlygy tassyklansa, munuň Siriýanyň režimi üçin uly netijelere getirjekdigini belledi.
XS
SM
MD
LG