Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýete sowet döwrüniň ordeni gaýdyp gelýär


Sowet döwrüniň "Zähmet gahrymany" ordeni (çepde) we Russiýa Federasiýasynyň "Zähmet gahrymany" ordeni.
Sowet döwrüniň "Zähmet gahrymany" ordeni (çepde) we Russiýa Federasiýasynyň "Zähmet gahrymany" ordeni.
Ilki bilen girizilen Sowet Soýuzynyň milli gimni boldy. Ondan soň Sowet Soýuzynyň harby paradlary geldi. Indi hem gezek – ata watan ugrunda edilen gahrymançylykly zähmeti şöhratlandyrýan sowet ordenleriniňki.

1-nji maý, çarşenbe güni, ors prezidenti Wladimir Putin ýene bir gezek geçmişi küýsäp, orslary bitiren öwgä mynasyp işleri üçin sowet döwrüniň ýyldyzlary bilen sylaglamakçy.

Ordenleriň kimlere beriljekdigini Kreml entek resmi taýdan tassyklanok. Ýöne ýerli žurnalistler bir 80 ýaşly pediatr bilen Tuladaky bir ýetimhananyň direktoryny agzaýarlar. Ol – köpüsi ogullyk alnan – 37 çaganyň enesi.

1927-nji ýylda Staliniň döwründe girizilen medal bu adamlara 1-nji maý baýramyny bellemek üçin Putiniň dogduk şäheri Sankt-Peterburgda geçiriljek dabarada berler. Sowet döwründe "Halkara işçiler güni" bolan 1-nji maýa indi "Bahar we Zähmet Güni" diýilýär.

Putin bu baýragy "janaýamazçylykly we päk zähmetiň jemgyýetçilik ähmiýetini hem abraýyny götermek üçin" prezidentlik permany bilen mart aýynda girizdi.

"Izwestiýa" gazeti medalyň şekilini tapmagy başarypdyr. Onuň ýüzünde öňki çekiç bilen oragyň ýerini indi goşa kelleli bir bürgüt bezeýär. Beýleki ýüzünde hem "Ors Federasiýasynyň Zähmet Gahrymany" diýen ýazgy bar.

Putiniň Staliniň döwrüne degişli ordene dolanmagyna Igor Holmanskihiň haýyşy sebäp bolupdyr. Igor Holmanskih 2011-nji ýylyň aýagynda oppozisiýanyň protestlerinden dynmak üçin Putine öz kömegini teklip eden bir kärhana işçisi.

Putin öten ýyl Kremle dolanyp geleninden soň Holmanskih prezidentiň ýörite wekili edilip, Urala iberildi.

Ýöne bu Putiniň postsowet ideologik boşlugy doldurmak üçin sowet döwrüniň simwollaryny täzeden direltmek barada edýän ilkinji tagallasy däl. Ol 2000-nji ýylda Orsýetde döwlet gimni hökmünde gaýtadan sowet gimnini girizdi.

Köp adamlar Stalin assyrynlyk bilen aklanýar diýip, nägilelik bildirdiler. Soňky aýlarda hem Wolgograd şäherine öňki Stalingrad adyny ymykly dakmak barada hereketler boldy.

"Zähmet Gahrymany" diýen orden 1927-nji ýylda girizilip,1938-nji ýylda "Sosialistik Zähmetiň Gahrymany" diýip, täzeden atlandyryldy. Adamlary agyr zähmete höweslendirmek üçin bu ordeniň 20 müň adama berlendigi aýdylýar. 1991-nji ýylda Sowet Soýuzy çökenden soň bu orden ýatyryldy.
XS
SM
MD
LG