Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Türkmenistanda din azatlygynyň ýagdaýyna baha berdi


ABŞ-nyň Halkara din azatlygy boýunca komissiýasynyň ýyllyk hasabaty
ABŞ-nyň Halkara din azatlygy boýunca komissiýasynyň ýyllyk hasabaty

30-njy aprelde ABŞ-nyň Halkara din azatlygy boýunca komissiýasy täze hasabatyny ýaýratdy. “Din azatlygy 2013” atly bu hasabatda dünýäniň onlarça ýurdunda din azatlygynyň depelenişi barada maglumat berilýär. Hasabatda Türkmenistana uly aladalanma döredýän ýurtlaryň arasyndan orun berilýär.

ABŞ-nyň Halkara din azatlygy boýunca komissiýasynyň täze hasabatynda Türkmenistanda din azatlygynyň derejesiniň örän erbet bolup galýandygy, dine degişli milli kanunlaryň dini toparlaryň hereket etmegini kynlaşdyrýandygy bellenýär. “Ýurtda hasaba alnan we alynmadyk dini toparlar babatynda polisiýanyň barlaglary we beýleki basyşlar dowam etdirilýär, Iýegowa şaýatlary dini ynançlary sebäpli tussag astyna alynýar diýip, taze hasabatda aýdylýar.

Şeýle-de hasabatda, prezident Berdimuhamedowyň käbir çäkli reformalary amala aşyrandygyna garamazdan, syýasatyň we düzgünleriň adam hukuklaryny, şol sanda dine degişli halkara kanunlary bozýandygyna üns berilýär.

Kemçilikler

Hasabatda Türkmenistanda 2003-nji ýylda kabul edilen din boýunça kanun repressiw diýlip atlandyrylýar we bu kanunyň dini toparlar üçin kynçylyklary döredýändigi aýdylýar.

Bu kanunda harby gulluga derek alternatiw gulluk göz öňünde tutulmaýar, netijede Iýegowa şaýatlary atly dini toparyň sekiz agzasy harby gullukdan boýun gaçyrandygy sebäpli türmede saklanýar diýip, Halkara din azatlygy boýunça amerikan komissiýasynyň täze hasabatynda aýdylýar. Şeýle-de bu kanunyň, hususan-da, hasaba alynmadyk dini toparlary gadagan edýändigi, dini toparlaryň daşary ýurtlardan maliýeleşdirilmegi barada hökümete hasabatyň berilmegini talap edýändigi we dini bilime diskriminasion çäklendirmeleri göz öňünde tutýandygy habar berilýär.

Türkmen hökümeti tarapyndan bellenen Dini meseleler boýunça geňeş sünni musulman ruhanylaryny we rus prawoslaw ruhanylaryny bellemek we wezipeden aýyrmak meselesine gözegçilik edýär. Bu geňeşiň düzümine başga dinleriň wekilleri girmeýär diýip, Halkara din azatlygy boýunça komissiýanyň hasabatynda aýdylýar.

Komissiýa bu ýagdaýy hasaba alyp, amerikan hökümetine 2013-nji ýylda Türkmenistana “uly aladalanma döredýän ýurt’ hökmünde çemeleşmegi teklip edýär. Hasabatda bellenişine görä, Halkara din azatlygy boýunça komissiýa Türkmenistan babatyndaky şeýle rekomendasiýalaryny 2000-nji ýyldan bäri berip gelýär, emma Döwlet departamenti bu rekomendasiýalara eýermeýär.

Täze hasabatda Türkmenistan postsowet regionynyň iň ýapyk ýurdy diýlip atladyrylýar. 2007-njy ýylyň aýagynda Türkmenistanda döwlet ýolbaşçysy çalşansoň, ýurtda garaşsyz jemgyýetçilik hereketlerine rugsat berilmändigi, häzirki prezidentiň şahsyýet kultunyň dörändigi bellenýär.

Käbir oňyn özgerişler

Şol bir wagtda-da, hasabatda 2007-nji ýylda Türkmenistanda 11 sany syýasy tussagyň türmeden goýberilendigi, adam hukuklary boýunça iki sany täze komissiýanyň döredilendigi, 13 sany dini toparyň hasaba alnandygy, ýurduň içinde raýatlaryň hereket azatlygyny çäklendirýän düzgünleriň ýatyrylandygy we ýurduň daşky dünýäden üzňeliginiň gowşadylandygy aýdylýar.

Muňa garamazdan, ýurtda ynsan hukuklaryna berk gözegçiligiň saklanyp galýandygy, hususan-da, raýatlaryň hereket azatlygynyň çäklendirilýändigi we 2013-nji ýylyň iýul aýyndan soň Türkmenistanyň goşa raýatlygy ykrar etmejekdigi bellenýär.

Şol bir wagtda-da Türkmenistanyň konstitusiýasynda azatlyklara, şol sanda din azatlygyna güwä geçilýändigi bellenilýär.

ABŞ-nyň Din azatlygy boýunça komissiýasynyň 30-njy aprelde ýaýradan hasabatynda ynsan hukuklarynyň gödek depeleýänligi zerarly Döwlet sekretary tarapyndan aýratyn üns berilmeli diýlip kesgitlenen sekiz ýurduň sanawynda Türkmenistan bilen bilelikde Müsür, Yrak, Nigeriýa, Pakistan, Täjigistan, Türkiýe we Wenesuela görkezilipdir.
XS
SM
MD
LG