Sepleriň elýeterliligi

Pakistan: Aýallaryň ses bermek hukugy


Pakistandaky aýallar.

Pakistandaky aýallar.

Pakistanda saýlaw güni golaýlap gelýär. Aýallar hem gazaply hereketlerden ejir çekýän welaýatlaryň birinde öz sesleriniň bolmagyny üpjün etmek üçin tagalla baryny edýärler.

11-nji maýda geçjek parlament saýlawlarynda 10 millionlap aýalyň ses bermekden saklanmagyna garaşylýar. Munuň bir sebäbi sosial çäklendirmeler bolsa, beýleki sebäpleri saýlaw sistemasyndaky kemçilikler we zorlukly hakyky howplar.

Pakistanda öňki parlament saýlawlarynda ses beren zenanlar hasaba alnan aýallaryň diňe 38 prosenti boldupdyr. Ýöne has gynançly tarapy aýallar üçin ýörite göz öňünde tutulan 29 müňe golaý saýlaw uçastoklarynyň 564-inde ýekeje ses-de berilmänligi. Bularyň hem ýarpysyndan gowragy Pakistanyň demirgazyk-günbatar Hiber Pahtunhwa welaýatynda.

Aýallar indi 2008-nji ýylda bolan bu ýagdaýyň gaýtalanmazlygy üçin elde baryny edýärler. Edilýän umyt - konserwatiw dinçi toparlaryň öňki hökümetler tarapyndan düýbi tutulan dünýewi ugry yzyna öwürmezligi.

Dünýewi kandidatlara hüjüm edilýär

Aprel aýynda saýlaw kampaniýasy başlanaly bäri ýurduň esasy dünýewi partiýalarynyň biri bolan "Awami milli" partiýasynyň 40-dan agdyk kandidaty öldürildi.

Hüjümleriň onlarçasyny amala aşyran Hiber Pahtunhwa welaýatyndaky Pakistanyň söweşijiler topary bolan "Tehreek-e Talyban".

Häzirki wagtda bu welaýatda işjeň kampaniýa alyp barýanlaryň biri Şagufta Malik. Ol edýän çykyşlarynda aýallary berk durmaklyga çagyrýar.

"Biz aýallara adamyň diňe bir gezek ölüp bilýändigini, ölümden hiç haçan gutulyp bolmaýandygyny düşündirmäge synanyşýarys. Emma biz öz hukuklarymyz we çagalarymyzyň ýagty geljegi üçin sesimizi gataldyp bilýäris. Biziň terroristlere garşy durmagymyzyň sebäbi şol. Häzirki günde biziň terroristlere garşy göreşip, olary ýeňmek üçin ýeke-täk serişdämiz şu saýlaw" diýip, Malik aýdýar.

"Talybanyň" hüjümleri "Awami milli" we "Muttahida Kuami Hereket", şeýle hem Pakistanyň "Halk partiýasy" ýaly dünýewi partiýalaryň geçen 5 ýyllykda ýolbaşçylyk edip gelen ýeri, ýagny parlamentdäki orunlaryny saklamak ugrundaky tagallalaryny çäklendirýär.

"Talyban" güýçleriniň edýän hüjümleri we ondan abanýan howplar "Awami milli" partiýasynyň konserwatiw we dinçi opponentlerine açyk kampaniýa alyp barmaga mümkinçilik döredýär.

2008-nji ýylda geçen ses berişlikde syýasy elementler aýallara wezipe bermek baradaky çärelere garşy çykdylar. Konserwatiwleriň güýçli ýerleriniň käbirinde aýallar hatda ses bermekden hem mahrum edildi.

Malikiň saýlaw netijelerini zorlugyň kesgitlemeginiň öňüni almak baradaky kararyny berkiden hem şular ýaly işler bolupdyr. Ol indi gapy-gapy aýlanyp, aýallary ses bermäge çagyryp, olary ruhlandyrýar.

"Aýallaryň ses bermegi gaty möhüm. Sebäbi biziň ýurdumyzda parahatçylygyň geljegi barada olaryň oýnamaly möhüm roly bar. Biz terroristleri ýeňmek üçin bu saýlawy bir amatly pursat hökmünde ulanmaly" diýip, Malik aýdýar.

Ses bermek hukugy

Pakistanda ses bermek üçin hasaba alnan aýallaryň sany 37 million töweregi. Erkekler bolsa 49 million.

Gazaply hereketler bolmanynda-da, aýallaryň ses bermegini bökdeýän başga zatlar az däl. Mysal üçin käbir radikal ruhanylar aýallaryň ses bermegi yslama ters gelýär diýip yglan etdiler.

Konserwatiw ruhanylaryň ýokary guramasy hem aprel aýynyň ortalarynda bu pikire garşy jogap bermäge synanyşdy. Pakistanyň Ulamalar geňeşi ses bermek her bir pakistanlynyň "dini jogapkärçilgi" diýip, fatwa çykardy.

"Bu gün biziň ilatymyzyň 52 prosentini aýallar düzýär. Olar jemgyýetiň her bir segmentiniň, her bir gatlagynyň bir bölegi. Şular ýaly ýagdaýda olary öz ses bermek hukugyndan mahrum etmek uly adalatlsyzlyk bolar. Şol sebäpden biz olaryň howpsuzlykda ses bermegini üpjün etmeli" diýip, Ulamalar geňeşiniň başlygy Hafiz Tahir Aşrafy aýdýar.
XS
SM
MD
LG