Sepleriň elýeterliligi

"Kim bilipdir, ýanmak kynmy, sönmek kyn?"


Kitap

Kitap

Publisist ýazyjy we şahyr Amanmyrat Bugaýewiň täze goşgulary.

SERWI

Kine etme, çapraz gelen ykbala,
Sen gitseň, aman bar, aman gez, Serwi!
Git, giden şekilli, dolma gubara,
Sen gitseň, aman bar, aman gez, Serwi!

Dag başyna çykmak asan, iýnmek kyn,
Ýyldyz bolsaň, ýana-ýana süýnmek kyn,
Kim bilipdir, ýanmak kynmy, sönmek kyn?—
Sen gitseň, aman bar, aman gez, Serwi!

Daňyň ýaňagyndan gözýaş syrygyp,
Şemal çawuş çaksa, zaryn sygyryp,
Ýatla, ýöne gezip ýörme sargaryp,
Sen gitseň, aman bar, aman gez, Serwi!

Boz bulanan siller akar, da:ş galar,
Bu düýşe meňzeş gün yzda, daş galar,
Bir gün… Göwün höwes eýläp Arş galar,
Sen gitseň, aman bar, aman gez, Serwi!

ŞEMAL

Bilmedim, bu şemal ýa dul galypdyr,
Ýa hyýalbent sallah öýünden elkin?
Kä sygyryp, kä penjiräň kakyp dur,
Gaçyryp sabryny, ýitirip eňkin.

Bilmedim, ýa ýetim galypdyr şemal,
Ýa eziz ojakdan azaşan bala?!
Çüw ýalaňaç baga ýaplanyp şu hal,
Baý-baý, kän aglady, gözýaşa dola.

Bilmedim, ol garabagyr enemi,
Ýa ýary ýitiren keç ykbal gelin?!
Bir ah çekdi elendirip älemi,
Meger, jahan ýüzün çirkizdi ýalyn…

Bilmedim, ol hakmy göwnüne deglen,
Ýa mejnun telbemi akyly çaşan?!
Möňňürdi, eý, dünýä, daglan sen, daglan,
Aýnadan syrykdy, hol-ha, gözýaşam.

Ýürek lerzan bolup bu agyr hala,
Şemal zary galdy daş çyksam ýortup.
Düşünmedim bu ötegçi şemala,
Ýa düşünjek boldum bolşundan artyk?!

GÜZER

At segredip, kä pyýada geçdigim,
Güzerim suw basyp, kenary ýitmiş.
Ýüregim “Ýüz” diýip, gop berýär şu hal,
Hyýalym “Bök” diýip, ýeňsämden itmiş.

Ýüzjek, bökjek boldum, boldum men heläk,
Boş azap, barybir bolmadym türgen.
Şu güzeri saklap galmaly boldum,
Ol kenardan birçak ugrandyr kerwen.
XS
SM
MD
LG