Sepleriň elýeterliligi

Yrak: Partlamada üç adam öldi


Yrakda paýtagt Bagdadyň gündogarynda amala aşyrylan ulag partlamasynda azyndan üç adam öldi. Resmileriň berýän maglumatyna görä, bu waka çarşenbe güni şaýy musulmanlarynyň agdyklyk edýän – Al-Husseiniýah etrabynda ýüze çykypdyr.

Partlamanyň netijesinde azyndan 10 adam, şol sanda polisiýa işgärleri hem ýaralanypdyr. Al-Husseiniýah etraby Bagdadyň 25 km. gündogarynda ýerleşýär.

Mundan öň, aprel aýynda amala aşyrylan bomba hüjümlerinde 240 adam heläk bolupdy.
XS
SM
MD
LG