Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bangladeşde 1-nji maý ýörişi geçdi


Bangladeşiň paýtagty Dakada 1-nji Maý zähmetkeşler gününe bagyşlanyp geçirilýän çärelere müňlerçe adam gatnaşdy. Olar ýakynda bir zawotda bolan ýangyn sebäpli emele gelen heläkçilige gahar gazabyny bildirdiler.

Daka şäheriniň eteginde ýerleşýän şol zawotda geçen hepde dörän ýangynda azyndan 400 adamyň heläk bolandygy aýdylýar.

Çarşenbe güni geçirilen ýörişde adamlar esasanam iş ýerlerinde howpsuzlyk şertleriniň döredilmegini şeýle-de ýykylan zawodyň eýesiniň jezalandyrylmagyny talap etdiler.

Demonstrantlaryň ellerine göterip çykan ýazgylarynyň käbirlerinde “Ganhorlary asyň, zawodyň eýelerini asyň” diýen şygarlar hem bardy.
XS
SM
MD
LG