Sepleriň elýeterliligi

Gresiýada protestlere çagyryş edilýär


Gresiýanyň iň uly kärdeşler arkalaşygynyň biri hökümetiň tygşytlaýyş çäklendirmelerine garşy çykyp, 24 sagatlyk iş taşlaýyş geçirmäge çagyryş etdi.

Bu çäre ýurt boýunça jemgyýetçilik transportynyň hereketini togtatdy. Giňden ýaýran işsizlik we hökümetiň 2014-nji ýylyň ahyryna çenli hyzmat ulgamynda 15 müň iş ýerini kemeltmek baradaky planlary sebäpli, Afiny şäherinde demonstrasiýanyň geçirilmegine garaşylýar.

ÝB-niň sişenbe güni çap eden hasabatynda Gresiýada işsizligiň 27.2 prosentdigi nygtalyp, munuň ýurduň taryhyndaky iň uly görkezijidigi aýdylýar. Işsizleriň 60 prosent töweregini ýaşlaryň emele getirýändigi hem habar berilýär.
XS
SM
MD
LG