Sepleriň elýeterliligi

Prezidentiň atdan ýykylmagy halkara metbugatynda


Türkmen prezidentiniň atda çapyp barýan pursady. 28-nji aprel, 2013 ý.

Türkmen prezidentiniň atda çapyp barýan pursady. 28-nji aprel, 2013 ý.

Türkmenistanyň prezidentiniň atdan ýykylmagy Berdimuhamedowy arşa götermäge öwrenişen türkmen resmilerini aljyratdy diýip, BBC habar korporasiýasynyň maglumatynda nygtalýar.

Internetde ýerleşdirilen wideolardan görnüşi ýaly, Berdimuhamedow atdan agansoň, diktoryň kommentarileri durzulypdyr.

Britan metbugaty

BBC-niň sişenbe güni çap edilen makalasynda bellenişine görä, mundan soňra aýlawda 30 minut töweregi iniňi tikenekledýän dymyşlyk döräpdir. BBC-niň öz habarçylaryna salgylanyp berýän habaryna laýyklykda, bu wagtyň dowamynda hiç hili resmi maglumat yglan edilmänsoň, käbir tomaşaçylar dagy ýowuz habardan heder edip, aglamaga başlapdyrlar.

Daşary ýurtly žurnalistler atdan ýykylan çapyksuwaryň hakykatdan hem prezidentidigini anyklajak bolanlarynda, olardan telefon etmezlik, şeýle-de wideoýazgylary almazlyk we wakany surata düşürmezlik haýyş edildi diýip, BBC habar korporasiýasynyň makalasynda bellenilýär.

Mundan soňra türkmen resmileri daşary ýurt žurnalistlerini toplap, bolan wakanyň bir “sport hadysasydygyny”, onuň ne ýurda, ne-de ýurduň daşynda gyzykly boljakdygyny öňe sürüp, ähli wideo we foto ýazgylary bozmaklaryny, sypaýyçylyk bilen haýyş edipdirler.

Rus metbugaty

Russiýanyň ”IaRex” habar gullugynyň saýtyndaky maglumatda bolsa hadysadan soňra howpsuzlyk gulluklaryň wekilleriniň tomaşaçylaryň hataryna girip, olardan ähli wideoýazgylary we fotosuratlary bozmaklaryny talap edendikleri nygtalýar.

Türk metbugaty

Berdimuhamedowyň atdan ýykylýan wideosyny internetde ýaýradan habar gulluklarynyň biri hem Türkiýäniň “Kanaltürk” teleýaýlymydyr. Şol wideoýazgyda hem Türkmenistanyň howpsuzlyk gulluklarynyň türk operatoryndan ýazgyny kamerasyndan bozup aýyrmagyny talap edýändigini arkadaky fonda eşitmek bolýar.

Fergana.ru

“Fergana” saýty ”Bedew baýramy” dabarasyndan soňra aeroportda Türkmenistandan daşary ýurtlara uçmakçy bolýan ýolagçylaryň-da foto, wideo enjamlarynyň barlanandygyny belleýär.

Käbir beýleki saýtlarda ýerleşdirilen maglumatlarda aeroportda onlarça adamyň saklanandygy hem habar berilýär.

Habar gulluklary prezidentiň soňundan köpçüligiň öňüne çykyp, özüniň çapan Berkarar atly bedewini öpmegine ünsi çekip, muňa bedewiň “etmişiniň bagyşlanmagy” hökmünde baha berdiler.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG