Sepleriň elýeterliligi

Boston wakasynda üç oglan tussag edildi


Penşenbe güni Birleşen Ştatlaryň howpsuzlyk gulluklary Bostondaky partlamalar bilen bagly derňew işlerinde bökdençlik döredenlikde aýyplanyp, ýene üç sany ýaş oglanyň tussag edilendigini mälim etdiler.

Resmileriň maglumatyna görä, bu üç oglan azyndan geljekki sud prosesine çenli tussaglykda saklanar. Tussag edilenlerden biri ýerli amerikan raýaty Robel Fillipos, beýleki ikisi bolsa Gazagystanyň raýatlary 19 ýaşly Azamat Tažaýakow bilen Dias Kadyrbaýew.

Bu gazak raýatlarynyň aklawçylary olaryň Bostondaky partlamalara göni gatnaşmakda däl-de, eýsem derňewlere bilkastlaýyn päsgelçilik bermekde aýyplanýandyklaryny mälim etdiler.

Hususan-da, bu üç ýaş oglanyň Boston partlamasynda aýyplanýan doganlardan biri Jokar Sarnaýewiň uniwersitetdäki otagyndan onuň goş haltasyny we noutbuk kompýuterini alyp, ony gizlemekde aýyplanýandyklary aýdylýar.
XS
SM
MD
LG