Sepleriň elýeterliligi

Owgan-pakistan serhedinde çaknyşyk boldy


Penşenbe güni Owganystanyň hökümet resmileri owgan-pakistan serhet ýakasynda iki ýurduň serhetçileriniň arasynda ýüze çykan atyşyklarda bir owgan esgeriniň ölüp, ýene üçüsiniň ýaralanandygyny habar berdiler.

Olaryň maglumatyna görä, serhet liniýasyndaky bu atyşyklar alty sagat dowam edipdir. Pakistanyň resmileri öz taraplaryndan-da üç esgeriň ýaralanandygyny aýdýarlar.

Owganystanyň Nangarhar welaýatynyň hökümet resmileri bu atyşyklaryň öňinçäsi owgan güýçleriniň ýakynda Durand serhet liniýasynda Pakistan tarapyndan oturdylan serhet postuny we serhet derwezesini weýran edendiklerini habar berdiler.

Owganystan 19-njy asyrda Britaniýa tarapyndan çekilen bu serhet liniýasynda Pakistanyň guran käbir serhet postlarynyň Owganystanyň territoriýasynda ýerleşýändiklerini öňe sürüp gelýär.
XS
SM
MD
LG