Sepleriň elýeterliligi

Boston: Derňewlere päsgelçilik döredýänler sud edilýär


Dias Gadyrbaýew öz dosty bilen saçak başynda

Dias Gadyrbaýew öz dosty bilen saçak başynda

Boston marafonynda bolan bomba partlamasynyň günäkäri diýlip güman edilýän Johar Sarnaýewiň derňew işine päsgelçilik döretmekde aýyplanýan üç adam Bostonyň sudunda çykyş etdiler.

Amerikan häkimiýetleri tarapyndan ele salnan bu adamlar indiki sud diňlenişigine çenli tussag astynda saklanarlar.

Sud edilýänler

Gazagystanyň raýatlary bolan 19 ýaşly Azamat Tažaýakowyň we Dias Gadyrbaýewiň aklawçylary olaryň 15-nji aprelde Bostonda bolan bomba partlamasyna gatnaşygynyň ýokdugyny aýtdylar. Şol partlamada üç adam ölüpdi we 260 adam ýaralanypdy.

Johar Sarnaýewiň mekdep klasdaşlarydygy aýdylýan bu iki ýigidiň derňewleriň geçirilmegine päsgel döretmek boýunça dildüwşük gurnamakda aýyplanýandygy aýdylýar. Olar üçin indiki sud diňlenişigi 14-nji maýda bolar.

Derňewlere päsgel bermekde aýyplanýanlaryň üçünjisi amerikan raýaty Robel Philliposyň derňewçilere galp maglumat berendigi aýdylýar. Onuň indiki sudy 6-njy maýda bolmaly.

Bu üç adam bomba partlamalaryna göni ganaşmakda günälenmeýärler. Olar Johar Sarnaýew bilen alşan hatlaryndan soň onuň umumy ýaşaýyş jaýyndaky otagyndan horjunyny we kompýuterini alyp gidenlikde aýyplanýarlar.

Amerikan häkimiýetleri bu horjunyň içiniň partlaýjy serişdelerden boşadylan feýerwerk turbalary bilen hyryn-dykyn doly bolandygyny habar berdiler. Derňewçileriň sözlerine görä, Gadyrbaýew we Tažaýakow Sarnaýewiň otagyndan alan zatlaryny öz jaýyna getirip, soňra zyňypdyrlar.

Bu adamlara garşy gozgalan aýyplamalarda partlamalardan bir aý ozal Johar Sarnaýew gazagystanly dostlaryna bombany ýasamak usulyny bilýändigini aýdypdyr.

Johar Sarnaýew 19-njy aprelde polisiýa bilen ok atyşygynda ýaralanandygy sebäpli keselhanada saklanýar. Johar Sarnaýewiň agasy Tamerlan şol ok atyşygynda atylyp öldürilipdi.

Olaryň ejesi ogullaryna ýöňkelen aýyplamalary galplyk diýip atlandyrdy.

Gadyrbaýew we Tažaýakow özleriniň student wizalaryna degişli düzgünleri bozmak bilen baglylykda ABŞ-nyň immigrasion gulluklary tarapyndan saklanypdy.

Federal derňew býurosy hepdäniň çarşenbe güni suda çekilen bu üç adamyň Johar Sarnaýewiň Massaçusets uniwersitetindäki ýakyn dostlary bolandygyny aýtdy.

Sud işi

1-nji maýda bolan sud diňlenişiginde Gadyrbaýewiň aklawçysy Robert Stahl öz müşderisiniň bomba partlamasy bilen gatnaşygynyň ýokdugyny aýtdy. Tažaýakowyň aklawçysy Harlan Protass hem öz müşderisiniň bomba partlamasy bilen hiç hili gatnaşygynyň ýokdugyny nygtady.

Habar berlişine görä, Gadyrbaýew we Tažaýakow günäli diýlip karar çykarylsa, olaryň bäş ýyla çenli türme tussaglygyna we 250 müň dollar jerime tölemeklige höküm edilmekleri mümkin.

Philliposyň bolsa sekiz ýyl türme tussaglygyna we 250 müň dollar jerime tölemeklige höküm edilmegi ähtmal.
XS
SM
MD
LG