Sepleriň elýeterliligi

Freedom House: Türkmenistan "ýaramazlaryň ýaramazy"


"Freedom House" guramasynyň media azatlygy kartasy

"Freedom House" guramasynyň media azatlygy kartasy

Düýbi Birleşen Ştatlarda ýerleşýän “Freedom House” dünýä ýurtlarynda metbugat azatlygy baradaky ýyllyk hasabatyny çap etdi. Hasabatda aýdylyşyna görä, geçen ýyl metbugat azatlygynyň derejesi, soňky 10 ýylyň içinde iň pes derejä düşüpdir.

Raportda Türkmenistan bilen Demirgazyk Koreýa iň pes baha alan ýurtlardyr.

Agzalýan guramanyň prezidenti Karin Deuç Karlekar bu barada Azatlyk Radiosyna şeýle gürüň berdi: “Biziň hasabatymyzda 'ýaramazlaryň ýaramazy' diýen kategoriýa bar.

Bu kategoriýada iň ýaramaz diýen ada iki ýurt, ýagny Türkmenistan we Demirgazyk Koreýa mynasyp boldy. Bu kategoriýa giren beýleki ýurtlaryň arasynda Özbegistan, Belarus we Kuba ýaly ýurtlar bar”.

Hasabatda iň erbetleriň erbedi diýen kategoriýadaky ýurtlarda media azatlygynyň ýagdaýy hakda şeýle diýilýar: “Bu kategoriýa giren ýurtlarda hökümetden garaşsyz media asla ýok, baram bolsa, olaryň azat hereket etmegine mümkinçilik ýok. Şunlukda olar hökümet we onuň alyp barýan işlerini propaganda etmek maksady üçin ulanylýar”.

Habar almak mümkinçiligi

Raportda aýdylyşyna görä, şeýle ýagdaýlaryň netijesinde şol ýurtlarda raýatlaryň garaşsyz habar almak mümkinçiligi juda çäklendirilen, hökümete garşy çykanlar bolsa yzarlanylýar, gynalýar, hatda türmä basylýar.

Geçen ýylyň dowamynda, tutuş dünýä boýunça aýdylanda, metbugat azatlygynyň umumy derejesiniň pese gaçmagyna garamazdan, käbir ýurtlarda oňyn ösüşleriň hem bolandygy aýdylýar.

”Freedom Housyň” maglumatyna görä, postsowet giňişliginde şeýle ösüşlere şaýat bolnan ýurtlaryň arasynda Ermenistan bilen Gürjüstany ýatlamak mümkin.

Agzalýan guramanyň hasabatynda jemi 47 ýurt azat däl diýen kategoriýada ýerleşdirilip, olaryň arasyndan dokuz ýurda bolsa "ýaramazlaryň ýaramazy" diýen baha berlipdir. Bu sanawa Türkmenistandan başga jemi 8 ýurt girýär.

Olar Eritrea, Ekwatorial Gwineýa, Demirgazyk Koreýa , Saud Arabystany, Sudan, Siriýa we Özbegistandan ybaratdyr. ”Freedom House” düýbi Nýu-Ýokrda ýerleşýän hokumetden garaşsyz gurama bolup, ol her ýyl bütin dünýäde media azatlygy boýunça öz ýyllyk hasabatyny ýaýradýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG