Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Wenesuelada saýlaw dawasy dowam edýär


Penşenbe güni Wenesuelanyň oppozisiýa lideri Enrike Kapriles 14-nji aprelde geçirilen prezidentlik saýlawlarynda galplyklara ýol berlendigini aýdyp, bu mesele boýunça Ýokary suda ýüz tutjakdygyny mälim etdi.

Enrike Kapriles bu prezidentlik saýlawlarynda ýeňiji diýlip yglan edilen Nikolas Maduronyň hökümetini “bikanun hökümet” diýip atlandyrdy.

Wenesuelanyň Merkezi saýlaw komissiýasy geçenki prezidentlik saýlawlarynda Nikolas Maduronyň 1.5 prosent töweregi tapawut bilen oppozisiýa lideri Enrike Kaprilesden üstün çykandygyny yglan etdi.

Şu günki güne çenli Nikolas Maduronyň ýeňşini dünýä ýurtlarynyň aglabasy ykrar etdi. Emma käbir ýurtlar, şol sanda Amerikanyň Birleşen Ştatlary-da heniz onuň prezidentlik statusyny resmi taýdan ykrar etmän gelýär.
XS
SM
MD
LG