Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baku Eýrana protest bildirdi


Penşenbe güni Azerbaýjanyň hökümeti iki sany azeri raýatynyň Eýranda tussag edilmegi bilen baglanyşykly Eýrandan resmi düşündiriş talap etdi.

Azerbaýjanyň Daşary işler ministrligi Eýranyň Tebriz şäherindäki azeri konsullygynyň şu gün Eýranyň häkimiýetlerine bu waka boýunça protest notasyny-da gowşurandygyny mälim etdi.

Eýranyň häkimiýetleri hakykatdanam 30-njy aprelde azerbaýjanly alym Halida Halidiň we onuň kömekçisiniň, şeýle hem olaryň ýanyndaky ýerli azeri milletinden bolan dört aktiwistiň tussag edilendiklerini tassyklady. Emma bu tussag edişlikleriň sebäbi barada häzirlikçe anyk maglumat berilmeýär.

Geçen ýyl azerbaýjanly şahyrlar Şähriýar Hajizadeh bilen Farid Husseýnow hem Eýranyň Günbatar Azerbaýjan prowinsiýasynda separatizm ideýalaryny wagyz etmekde aýyplanyp, Eýranyň şu Tebriz şäherinde birnäçe aý tussaglykda saklanypdylar.
XS
SM
MD
LG