Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝOJ-laryň "Açyk gapylar günleri"


Türkmen döwlet uniwersiteti
Türkmen döwlet uniwersiteti
Şu günler ýurduň ýokary okuw jaýlary “Açyk gapylar günlerini” yglan edip, bu baradaky bildirişleri merkezi gazetlerde ýerleşdirýärler. Bu bilidrişlerde aýdylyşy ýaly, “Açyk gapylar günlerinde” şol çärä gatnaşjak ýaşlar ýokary okuw jaýlary bilen tanyşdyrylar.

Ýokary okuw jaýlaryna girmek üçin talap edilýän resminamalar, okadylýan hünärler, alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik hem-de medeni-köpçülik işleri barada giňişleýin maglumatlaryň beriljekdigi barada bu bildirişlerde habar berilýär.

Bu hili çäreler her ýokary okuw jaýynda aprel-maý aýlarynyň dowamynda iki gezek geçirilýär. Käbir ýokary okuw jaýlarynda eýýäm geçen hepde bu hili çäre geçirilen bolsa, käbirleri "Açyk gapylar günlerini" indi geçirerler.

Emma, bu barada gazetlerde bildirişleriň çap edilmegine garamazdan, “Açyk gapylar günleri” diýen bu çäreler ýaşlary o diýen gyzyklandyryp barmaýana meňzeş.

Mejburlyk

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň özüni Serdar diýip tanadan mugallymynyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, bu çäre mekdebi tamamlap barýan okuwçylara gönükdirilen, emma oňa gatnaşýan ýaşlaryň uly bir bölegi mejbur edilip getirilýär.

Türkmen gazetlerindäki bildiriş
Türkmen gazetlerindäki bildiriş
Ady agzalan mugallym bu çärä gatnaşdyrmak üçin, adatça, käbir mekdeplerden, ýörite haýyş edilip, okuwçylaryň getirilýändigini gürrüň berdi.

Ýaşlaryň bu çäre bilen gyzyklanmazlygynyň sebäpleri barada dürli garaýyşlar bar. Olardan birem ýokary okuw jaýyna girmek üçin paranyň saklanyp galýandygy bilen bagly. Käbir ýaşlaryň aýtmaklaryna görä, ýokary okuw jaýlaryna girmek üçin olar ukyplaryndan köpräk para bil baglamaly bolýarlar.

“Ýokary okuw jaýyna girmek üçin para alynýandygyny her kim bilýär. Giriş ekzamenleri başlanmanka eýýäm okuwa girjek adamlaryň sanawy düzülýär.” diýip, paýtagtyň ýaşaýjysy, 23 ýaşly Yklym aýdýar.

Şol bir wagtyň özünde-de türkmen häkimiýetleri ýokary okuw jaýlaryndaky parahorluk bilen göreşmek üçin käbir işleri amala aşyrýarlar. 2011-nji ýylda Döwletmämmet Azady adyndaky Dünýä dilleri institutynyň rektory hem-de şol institutyň käbir mugallymlary para almakda aýyplanyp, jenaýat jogapkärçiligine çekilipdiler. Geçen ýyl bolsa giriş ekzamenlerinde käbir ýokary okuw jaýlarynda wideokamerlar goýlupdy.

Emma, bu çärelere garamazdan, il arasynda ýaýran gürrüňlerden çen tutulsa, ýokary okuw jaýyna girmek üçin 20 müň dollara çenli para berenleriň bardygy barada maglumatlar bar. Paranyň möçberi, ýokary okuw jaýyna görä, azalyp ýa köpelip hem bilýär.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan aşgabatly Yklym edil şeýle sebäplere görä özi ýaly ýaşlaryň “Açyk gapylar” diýlen bu çäreler bilen o diýen gyzyklanmaýandygyny aýdýar. Çünki, onuň sözlerine görä, bular ýaly çäreler göz üçin, telewizorda görkezmek maksady bilen edilýär we ol çärelerden halka hiç hili haýyr ýok.
XS
SM
MD
LG