Sepleriň elýeterliligi

Bişkekde Sarnaýewi goldaýjylar gözlenýär


Anna güni Gyrgyzystanyň milli howpsuzlyk boýunça Döwlet Komiteti Bostondaky partlamalary amala aşyrmakda aýyplanýan Johar Sarnaýewi goldaýjy plakatlary ýaýradanlary gözläp tapmak boýunça iş alnyp barylýandygyny mälim etdiler.

Gyrgyzystanyň bu howpsuzlyk edarasynyň maglumatyna görä, paýtagt Bişkegiň çäklerinde käbir jaýlaryň diwarlaryna we howlulara Johar Sarnaýewi goldaýjy plakatlar elmenip çykylypdyr.

Ol plakatlarda “Johar günäsiz, Johar üçin doga ediň!” diýen mazmundaky ýazgylar ýazylypdyr.

19 ýaşly çeçen asylly Johar Sarnaýewi we onuň atylyp öldürilen agasy Tamerlen Sarnaýewi Birleşen Ştatlaryň häkimiýetleri 15-nji aprelde Bostondaky marafonda amala aşyrylan goşa partlamada aýyplaýarlar.

Sarnaýewler öz çagalyk ýyllarynda Gyrgyzystanyň territoriýasynda ýaşapdylar. Bostondaky partlamalarda üç adam ölüp, 260 töweregi adam ýaralanypdy.
XS
SM
MD
LG