Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dakka: Pidalaryň sany 500-den geçdi


Anna güni Bangladeşiň hökümet resmileri geçen hepde paýtagt Dakkanyň golaýynda sekiz gat tikin fabriginiň binasynyň ýumrulmagynda ölen adamlaryň sanynyň bäş ýüzden-de geçendigini mälim etdiler.

24-nji aprelde Bangladeşiň paýtagtyndan 30 kilometr töweregi aralykda ýerleşýän Sawar şäherçesinde “Rana Plaza” diýlip atlandyrylýan tikin fabriginiň sekiz gat binasy öz-özünden ýumrulanda, onuň içinde üç müň töweregi adam bar eken.

Ýöne halas ediş toparlaryna bu adamlardan köpüsini halas etmek başartdy. Bu wakanyň yzy bilen tikin fabriginiň birnäçe ýolbaşçysy we binany guran jogapkär resmilerden birnäçesi tussag edildi.
XS
SM
MD
LG