Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Pakistanda belli prokuror öldürildi


Anna güni Pakistanyň polisiýasy ýurduň ozalky premýer-ministri Benazir Bhuttonyň ölümini derňeýän döwlet prokurory Çaudry Zulfikäriň atylyp öldürilendigini habar berdi.

Polisiýanyň maglumatyna görä, bu wakada prokuroryň janpenasy ýaralanyp, köçeden geçip barýan bir aýal hem wakanyň pidasy bolupdyr.

Prokuror Çaudry Zulfikär 2007-nji ýylda öldürilen Benazir Buhottonyň ölümi we Hindistanyň Bombeý şäherindäki uly partlamada aýyplanýan ekstremistik toparyň işi boýunça derňew alyp barýan esasy prokurorlardan biri hasaplanylýar.

Çaudry Zulfikäriň janyna kast etmek boýunça gurnalan bu hüjümiň jogapkärçiligini häzirlikçe hiç bir topar öz üstüne almandyr.
XS
SM
MD
LG