Sepleriň elýeterliligi

SRG metbugatyň “duşmanlaryny” kesgitledi


Anna güni düýbi Parižde ýerleşýän Serhetsiz Reportýorlar Guramasy “Azat metbugatyň ganym duşmanlary” ady bilen ýörite sanawy çap etdi.

Bütindünýä metbugat azatlygy gününe gabatlanyp çap edilen sanaw söz we metbugat azatlygyny bogýan diýlip hasaplanylýan döwlet liderleriniň we hökümet resmileriniň bir toparynyň adyny öz içine alýar.

39 adamyň adyny öz içine alýan bu sanawa Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň-da ady girizilipdir.

Serhetsiz Reportýorlar Guramasy Türkmenistanda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygy astynda-da söz we metbugat azatlygynyň berk çäklendirilmeginiň dowam edýändigini we bu ugurda düýpli öňegidişlikleriň göze ilmeýändigini aýdýar.

“Azat metbugatyň ganym duşmanlarynyň” sanawynda Azerbaýjanyň, Belarusyň, Gazagystanyň we Eýranyň prezidentleriniň atlary-da bar.
XS
SM
MD
LG