Sepleriň elýeterliligi

Ysraýyl Siriýada hüjüm geçirendigini aýdýar


Paýtagt Damaskyň Marjeh raýonynda 30-njy aprelde partlama amala aşyrylanda, asmana goýy tüssäniň göterilýändigini görmek bolýar. Damask, 30-njy aprel, 2013.

Paýtagt Damaskyň Marjeh raýonynda 30-njy aprelde partlama amala aşyrylanda, asmana goýy tüssäniň göterilýändigini görmek bolýar. Damask, 30-njy aprel, 2013.

Şenbe güni Ysraýylyň hökümet resmileri Ysraýylyň harby uçarlarynyň Siriýanyň territoriýasynda anna güni hüjüm geçirendiklerini tassykladylar.

Şondan birneme oň Birleşen Ştatlaryň resmileri-de Siriýanyň içindäki ýarag saklanýan nokatlar diýlip çaklanýan nokatlara garşy Ysraýylyň howa hüjümlerini geçirendigini habar beripdiler.

Başda Ysraýyl tarapyndanam, Siriýa tarapyndanam bu maglumatlary tassyklaýjy maglumat bolmandy.

Öz atlarynyň agzalmazlyk şerti bilen habar agentliklerine maglumat beren amerikan resmileri anna gününe geçilen gije hüjüm amala aşyrylyp, onda bir binanyň nyşana alnandygyny, emma ol binanyň himiki ýaraglaryň saklanýan ýeridir diýlip hasaplanmaýandygyny mälim edipdiler.

Bu maglumatlaryň yzy bilen şenbe güni öz atlarynyň tutulmagyny islemedik ysraýylly resmiler anna güni irden amala aşyrylan bu hüjümleriň Siriýanyň territoriýasyndan Liwanyň Hizbulla topary üçin raketa alyp barýan ulag kerwenini nyşana alandygyny tassykladylar. Emma olar bu hüjümiň anyk nirede amala aşyrylandygy barada welin maglumat bermediler.

Şondan birneme öň Ysraýylyň Waşingtondaky ilçihanasynyň metbugat sekretary bu maglumatlara kommentariýa bermekden saklandy. Emma ol: “Ysraýyl Siriýanyň režiminiň himiki ýa-da beýleki howply ýaraglary terrorçylaryň, aýratynam Liwandaky Hizbulla toparynyň eline bermeginiň öňüni almakda tutanýerli pozisiýany eýeleýär” diýip belledi.

Ozal hem hüjüm bolupdy

Bu soňky hüjümler ABŞ-nyň ýakyn ýarany Ysraýylyň şu ýylyň başyndan bäri Siriýanyň territoriýasynda ikilenji gezek hüjüm amala aşyrmasy hökmünde alamatlandy.

Diplomatlar şu ýylyň ýanwarynda Siriýanyň territoriýasyndan Liwandaky Hizbulla topary üçin alnyp barylýan diýlip çaklanylýan bir ýarag kerwenine garşy hem Ysraýylyň howa hüjümlerini geçirendigini aýdýarlar.

Bu soňky maglumatlaryň fonunda anna güni prezident Barak Obama Birleşen Ştatlaryň Siriýanyň içine nähilidir bir gury ýer goşunlaryny ýollamak planynyň ýokdugyny aýtdy.

Obama amerikan goşunlaryny Siriýanyň içine ýollamaklygyň diňe bir Amerika üçin däl, eýsem Siriýanyň özi üçinem bähbitli boljakdygyny görkezýän alamatlaryň ýokdugyny belledi.

Barak Obamanyň bu çykyşyndan bir gün öň ABŞ-nyň Goranmak sekretary Çak Heýgel Birleşen Ştatlaryň indi Siriýadaky oppozision söweşijilere ýarag ýardamlaryny bermekligi-de göz öňünde tutýandygyny aýdyp, çykyş edipdi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG