Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysraýyl Siriýadaky hüjümi tassyklady


Şenbe güni Ysraýylyň hökümet resmileri Ysraýylyň harby uçarlarynyň Siriýanyň territoriýasynda anna güni hüjüm geçirendiklerini tassykladylar.

Öz atlarynyň tutulmagyny islemedik ysraýylly resmiler anna güni irden amala aşyrylan bu hüjümleriň Siriýanyň territoriýasyndan Liwanyň Hizbulla topary üçin raketa alyp barýan ulag kerwenini nyşana alandygyny mälim etdiler.

Emma olar bu hüjümiň anyk nirede amala aşyrylandygy barada maglumat bermediler. Bu wakanyň öňýany Birleşen Ştatlaryň resmileri-de şeýle hüjümiň amala aşyrylandygy barada maglumat beripdiler.

Munuň özi şu ýylyň ýanwaryndan bäri Siriýanyň territoriýasynda Ysraýylyň uçarlarynyň geçiren ikilenji hüjümidir.
XS
SM
MD
LG