Sepleriň elýeterliligi

Karzaý Talybana çagyryş etdi


Şenbe güni Owganystanyň prezidentiHamid Karzaý talyban söweşijilerini Owganystana garşy “dildüwşük” gurnaýjylara garşy söweşmeklige çagyrdy.

Kabulda gurnalan metbugat konferensiýasynda eden bu çykyşynda ol talybanlaryň şu geçen hepde owgan-pakistan serhet liniýasynda ýüze çykan alty sagatlyk atyşykda atylyp öldürilen serhet polisiýa işgäri Muhammad Kasym bilen “bir hatarda” durmalydyklaryny nygtady.

Owganystanyň resmileri şu geçen hepde owgan harby güýçleriniň Pakistanyň bir serhet barlag postuny we serhet derwezesini weýran edendiklerini aýdýarlar.

Owgan resmileri Duran serhet liniýasynda Pakistan tarapyndan gurlan serhet postlarynyň Owganystanyň territoriýasynda ýerleşýändigini öňe sürýärler.
XS
SM
MD
LG